Çagalaryňyza Ýehowany şöhratlandyrmagy öwrediň
1. Çagalar Ýehowany şöhratlandyryp bilermi?
1 Zebur 148:12, 13-nji aýatlarda ýaş ýigitler we gyzlar Ýehowanyň adyna sena etmäge çagyrylýar. Çagalaryň Hudaýyň adyny şöhratlandyrandygy barada Ýazgylarda ençeme mysallar bar. Meselem, «oglanjyk Samuel Ýehowanyň öňünde gulluk edýärdi» (1 Pat. 2:18). Kiçijik gyz Naamanyň aýalyna Ýehowanyň Ysraýyldaky pygamberi Naamany heýwere keselinden sagaldyp biljekdigini aýdýar (4 Pat. 5:1—3). Çagalar Isanyň ybadathanada görkezen gudrat işlerini görende: «Dawut Ogluna hosanna!» diýip gygyryşdylar (Mat. 21:15). Ata-eneler çagalaryna Ýehowany şöhratlandyrmagy nädip öwredip biler?
2. Näme üçin ata-eneler çagalaryna gowy görelde görkezmeli?
2 Ata-eneleriň mysaly. Ysraýyl atalary çagalarynyň ýüregine hakykaty ornaşdyrmanka, ilki bilen, özleri Ýehowany söýüp, Onuň tabşyryklaryny öz ýüreklerinde saklamalydylar (Kanun. 6:5—9). Eger wagyz gullugy barada gowy seslenip, her hepde gulluk etseňiz, çagalaryňyz wagyz gullugynyň wajypdygyny we lezzetlidigini görerler.
3. Bir uýa ata-enesiniň göreldesi nähili peýda getirdi?
3 Bir uýa özi barada bolan wakany mähirli ýatlaýar: «Men kiçijik wagtym maşgalamyz, adat boýunça, her dynç günleri wagyz gullugyna çykýardy. Meniň ata-enem wagyz gullugyndan hakyky şatlyk tapýardy. Biz gullugyň lezzet getirýändigini bilip ulaldyk». Uýamyz bary-ýogy ýedi ýaşynda çokundyrylmadyk wagyzçy bolup, otuz üç ýyldan bäri doly wagtly pioner bolup gulluk edýär.
4. Çagalary nädip yzygiderli terbiýeläp bolar?
4 Yzygiderli terbiýe. Çagalaryňyz bilen bile gulluk ediň. Olar gapyny kakyp, öý eýesine kitapça berip ýa-da aýat okap biler. Şeýle gulluk olary begendirer we Patyşalyk baradaky habary wagyz etmekde ukybyny ösdürer. Ulaldygyça, olar köpräk wagyz etmeli. Şonuň üçin olara hoş habary wagyz etmäge we ruhy maksatlary goýmaga ýardam ediň.
5. Çokundyrylmadyk wagyzçy bolmak üçin çaga näme zerur?
5 Çagalaryňyzyň çokundyrylmadyk wagyzçy bolup biljekdigine göz ýetirseňiz we çagalaryň özi şeýle isleg bildirse, ýaşulular bilen gepleşiň. Olar wagyzçy bolsalar, Ýehowany şöhratlandyrmakda özlerini jogapkär duýarlar. Suwda çokundyrylyp ruhy taýdan ýetişen wagyzçy ýaly, çaganyň köp bilmegi hökman däl. Çagaňyz Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny bilýärmi? Mukaddes Ýazgylaryň ahlak kadalary boýunça ýaşaýarmy? Wagyz etmäge höwesi bolup, Ýehowanyň Güwäçisi bolasy gelýärmi? Şeýle ýagdaýda ýaşulular onuň bilen gepleşip, çokundyrylmadyk wagyzçy bolmaga rugsat berip biler («Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» diýen kitabyň 79—82-nji sahypalaryna seret).
6. Näme üçin ata-enelere çagalaryny terbiýelemek wajyp?
6 Çaga Ýehowany ýürekden şöhratlandyrmagy öwretmek üçin köp tagalla etmeli. Çagalarynyň ruhy taýdan ösüşini görmek, ata-ene üçin uly bagt. Galyberse-de, çagalar Ýehowanyň ajaýyp işleri barada gürüň berseler, Hudaýa ýaraýar.