Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 8/07 sah. 1
  • Biz hormatly gullugyň gadyryny bilýäris!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz hormatly gullugyň gadyryny bilýäris!
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa bilen hyzmatdaşlyk edýändigiňizi gymmat saýyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Suwa çümdürýän Ýahýa. Şatlanmagyň ajaýyp nusgasy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Hudaýa doga arkaly ýakynlaş
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 8/07 sah. 1

Biz hormatly gullugyň gadyryny bilýäris!

1 Adamzat döränden bäri Ýehowa gullukçylaryna dürli ýumuşlary tabşyryp hormatly gullugy ynanýar. Ol şeýle hormatly gullugy ynananda, adamlaryň jynsyna, ýaşyna we durmuşdaky ornuna garamaýardy (Luka 1:41, 42; Res. iş. 7:46; Flp. 1:29). Şu günler ol bize nähili hormatly işleri ynanýar?

2 Käbir hormatly işler. Birinjiden, Ýehowa bize öz ýollaryny öwredip, hormat bildirýär (Mat. 13:11, 15). Ikinjiden, ýygnak duşuşyklarynda Ýehowany şöhratlandyryp bilýäris (Zeb. 35:18). Mümkinçilik bolanda, uly höwes bilen jogap berýäris. Ýygnakda tabşyrylýan her bir ýumşa sylag hökmünde garap, ony berjaý etmek üçin elimizde baryny edýäris. Patyşalyk zalyny arassa we gowy ýagdaýda saklap, şeýle hormatly işlere yzygiderli gatnaşýarysmy?

3 Millionlarça adamlar doga edende, Hudaýyň eşitmegini isleýärler. Biz bolsa dogalarymyzyň Älemde iň beýik Şahsyýetiň eşidýändigine ynanýarys we bahasyna ýetip bolmaýan bu sylagyň gadyryny bilýäris (Sül. tym. 15:29). Ýehowa gullukçylarynyň dogalaryny hut özi diňleýär (1 Pet. 3:12). Ol näçe gezek ýüzlenmelidigimize çäk goýmaýar. Hudaýa dürli ýagdaýlarda doga edip bilýändigimiz nähili uly hormat! (Efes. 6:18).

4 «Hudaýyň işdeşleri». Bize berlen iň hormatly işiň ýene biri — «Hudaýyň işdeşleri» hökmünde Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýäris (1 Kor. 3:9). Şeýle gulluk lezzet getirýär we göwnüňi göterýär (Ýahýa 4:34). Ýehowa bu ýumşy adamlaryň kömegine ýüzlenmän hem ýerine ýetirip bilerdi, emma bize tabşyryp, ol söýýändigini görkezýär (Luka 19:39, 40). Şeýle bolsa-da Ýehowa bu hormatly işi hemmelere ynanmaýar. Wagyz etmek isleýän adamlar belli bir tabşyryga laýyk gelip, ony berjaý etmeli (Iş. 52:11). Her hepde wagyz edip, hormatly gullugyň gadyryny bilýändigimizi görkezýärismi?

5 Ýehowanyň bize ynanan hormatly gullugy durmuşymyzy baýlaşdyrýar (Sül. tym. 10:22). Muňa hiç haçan bolaýmaly zat hökmünde garamaň! Hormatly gullugy gymmatly saýyp, biz gökdäki Atamyzy begendirýäris, çünki «ähli oňat, kämil sowgat ýokardandyr» (Ýakup 1:17).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş