Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty
Gadyrly wagyzçy!
Seniň bilen hak Hudaý Ýehowa agzybirlikde sežde etmek uly hormat! Biziň ählimiz «işdeşler», bize adamlaryň janyny halas edýän mukaddes gulluk ynanyldy. Biz adamlara gökde höküm sürýän Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýäris we öwredýäris (1 Kor. 3:9; Mat. 28:19, 20). Biz özümize tabşyrylan işi bütin dünýäde agzybirlikde ýerine ýetirmek üçin, belli bir tertip-düzgünlere eýermeli (1 Kor. 14:40).
Şu kitapdan mesihçiler ýygnagynyň nähili tertip-düzgünlere eýerýändigini öwrenersiň. Şeýle-de Ýehowanyň Şaýady bolanyňdan soň, ýygnakda nähili jogapkärçilikleri we borçlary alyp biljekdigiňi bilersiň. Sen özüňe tabşyrylan işiň gadyryny bilip, borjuňy gowy ýerine ýetirseň, «ruhy taýdan berkärsiň» (Res. 16:4, 5; Gal. 6:5).
Biz seni şu kitaby gowy öwrenmäge we öwrenen zatlaryňy durmuşyňda ulanmaga höweslendirýäris. Kitapdan şu soraglaryň jogabyny bilersiň: eger ýaňy-ýakynda wagyzçy bolan bolsaň, suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady bolmak üçin näme etmeli? Eýýäm suwa çümdürilen bolsaň, onda ruhy taýdan ösüp, Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin näme edip bilersiň? (1 Tim. 4:15). Ýygnakda agzybirlik bolar ýaly näme edip bilersiň? (2 Kor. 13:11).
Ýehowanyň halkyna goşulýan adamlaryň sany gün-günden köpelýär. Şol sebäpli ýygnaklarda ýolbaşçylyk edip biljek ukyply doganlar gerek. Eger sen suwa çümdürilen dogan bolsaň, ýygnakda hyzmatçy, soňra ýaşuly bolmak üçin näme edip bilersiň? Munuň üçin näme etmelidigini şu kitapdan öwrenersiň (1 Tim. 3:1).
Şu kitap Ýehowanyň guramasyndaky ornuňa düşünmäge we onuň gadyryny bilmäge kömek eder diýip umyt edýäris. Biz siziň ähliňizi ýürekden söýýäris we gökdäki Atamyz Ýehowa şatlyk bilen ebedi gulluk etmegiňiz üçin hemişe dileg edýäris (Zeb. 37:10, 11; Işa. 65:21—25).
Doganlaryňyz,
Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty