1-NJI BAP
Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
DÜNÝÄDE ençeme dini, syýasy, söwda we jemgyýetçilik guramalary bar. Olaryň hersiniň öz aýratynlyklary, maksatlary, garaýyşlary, kada-kanunlary, düzgünleri bolýar. Emma ýer ýüzünde olaryň ählisinden tapawutlanýan bir gurama bar. Hudaýyň Sözünde aýdylyşy ýaly, şol gurama Ýehowanyň Şaýatlary diýilýär.
2 Biz seniňem Ýehowanyň guramasy bilen gulluk edýändigiňe ýürekden begenýäris. Sen Hudaýyň islegine düşünip, yhlasly ýerine ýetirýärsiň (Zeb. 143:10; Rim. 12:2). Sen biri-birini ýürekden söýýän yhlasly wagyzçylar bilen Hudaýa höwes bilen gulluk edýärsiň (2 Kor. 6:4; 1 Pet. 2:17; 5:9). Hudaýyň Sözünde wada berlişi ýaly, sen wagyz edip köp bereket alýarsyň we ýürekden şatlanýarsyň (Nak. 10:22; Mar. 10:30). Ýehowanyň islegini ýürekden ýerine ýetirseň, häzirden ebedi ýaşaýşa taýýarlanarsyň (1 Tim. 6:18, 19; 1 Ýah. 2:17).
3 Beýik Ýaradyjymyzyň tertip-düzgüne eýerýän üýtgeşik guramasy bar. Onuň bütin dünýädäki halkynyň tertip-düzgüne eýermegi gurama ähli zadyň başy bolan Ýehowanyň ýolbaşçylyk edýändigini görkezýär. Biz Hudaýa doly bil baglaýarys, sebäbi ol biziň Kazymyz, Kanun çykaryjymyz we Patyşamyz (Işa. 33:22). Tertip-düzgüni gowy görýän Hudaý bize gerekli görkezmeleri berip, onuň «işdeşleri hökmünde» gulluk etmäge we islegini amala aşyrmaga kömek edýär (2 Kor. 6:1, 2).
4 Biz zalym dünýäniň soňunyň golaýlaşýan döwründe Patyşamyz Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda öňe ýöreýäris (Işa. 55:4; Ylh. 6:2; 11:15). Isa ýer ýüzünde ýaşanda köp işleri etdi, ýöne ol şägirtleriniň has köp işleri etjekdigini aýtdy (Ýah. 14:12). Dogrudanam, şägirtler ýyllar geçdigi saýyn köpelip, köp ýerlerde wagyz etmelidi. Olar Patyşalyk baradaky hoş habary bütin ýer ýüzüne ýaýratmalydy (Mat. 24:14; 28:19, 20; Res. 1:8).
5 Isanyň aýdan sözleri şu günlerem berjaý bolýar. Emma Isanyň aýdyşy ýaly, wagyz işi Ýehowanyň bellän wagtynda tamamlanar. Hudaýyň Sözündäki pygamberliklerden görnüşi ýaly, Ýehowanyň beýik we gorkunç güni ýetip gelýär (Ýow. 2:31; Sep. 1:14—18; 2:2, 3; 1 Pet. 4:7).
Ýehowanyň tabşyryklaryny has-da yhlasly ýerine ýetirmeli. Munuň üçin Hudaýyň guramasyndaky tertip-düzgünleri gowy bilmeli
6 Wagtyň az galandygy üçin, biz Ýehowanyň islegine düşünip, onuň tabşyryklaryny has-da yhlasly ýerine ýetirmeli. Munuň üçin Hudaýyň guramasyndaky tertip-düzgünleri gowy bilmeli we olara eýermeli. Guramada edilýän işler Mukaddes Kitapdaky prinsiplere, tabşyryklara, kanunlara, tertip-düzgünlere we taglymatlara esaslanýar (Zeb. 19:7—9).
7 Ýehowanyň gullukçylary Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýerýändigi üçin, parahat ýaşaýarlar we agzybir işleşýärler (Zeb. 133:1; Işa. 60:17; Rim. 14:19). Olar dünýäniň dürli künjeginde ýaşasalar-da, biri-birini ýürekden söýýärler we ony iş ýüzünde görkezýärler (Ýah. 13:34, 35; Kol. 3:14). Şeýdip, Ýehowanyň gökdäki guramasy bilen öňe barýarlar.
ÝEHOWANYŇ GÖKDÄKI GURAMASY
8 Işaýa, Hyzkyl we Danyýar pygamberler görnüşde Ýehowanyň gökdäki guramasyny gördüler (Işa. bap 6; Hyz. bap 1; Dan. 7:9, 10). Ýahýa resul hem şeýle görnüş görüpdi. Ol gören görnüşini Ylham kitabynda gysgaça beýan edýär. Ýahýa Ýehowanyň şöhratly tagtda oturandygyny we onuň daş-töwereginde perişdeleriň durandygyny görýär. Olar: «Häzir hem, geçmişde hem, gelejekde hem bar bolan Gudratygüýçli Hudaý Ýehowa mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir!» diýýärdiler (Ylh. 4:8). Şeýle-de Ýahýa «ortada duran tagtyň... ýanynda» bir guzynyň, ýagny Hudaýyň Guzusy Isa Mesihiň durandygyny görýär (Ylh. 5:6, 13, 14; Ýah. 1:29).
9 Görnüşde Ýehowanyň tagtda oturmagy gurama onuň ýolbaşçylyk edýändigini görkezýär. Ýehowanyň beýikligi we uly ygtyýary barada 1 Taryh 29:11, 12-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Ýehowa, beýiklik, güýç-kuwwat, gözellik, şan-şöhrat, at-abraý seniňkidir, sebäbi ýerde-gökde ähli zat seniň eliňde. Eý Ýehowa, patyşalyk hem seniňki, sen hemmeden beýik! Baýlyk hem şan-şöhrat senden gelýär, ähli zadyň üstünden sen höküm sürýäň. Güýç hem gujur-gaýrat seniň eliňde, adamy beýgeldýänem, güýç-kuwwat berýänem sensiň».
10 Isa Mesih Ýehowa bilen eginme-egin işleşýär, oňa gökde uly ygtyýar berildi. Hawa, «Hudaý ähli zady onuň aýagynyň astyna salyp, oňa tabyn etdi we ýygnagyň başy etdi» (Efes. 1:22). Pawlus resul hem Isa barada şeýle sözleri ýazdy: «Hudaý ony has-da beýgeldip, ähli atlardan iň beýik ady berdi. Sebäbi ol gökdäkileriň, ýerdäkileriň hem-de ýer astyndakylaryň her biriniň Isanyň adynyň hatyrasyna dyza çökmegini isledi. Her kes Halypamyz Isa Mesihi aç-açan kabul edip, Atamyz Hudaýy şöhratlandyrmaly» (Flp. 2:9—11). Diýmek, biz Isanyň dogry görkezme berýändigine doly ynanyp bileris.
11 Danyýar pygamber görnüşde Owaldan Bar Bolan Hudaýyň gökdäki tagtynda oturandygyny we millionlarça perişdeleriň onuň huzurynda dik durup, hyzmat edýändigini görýär (Dan. 7:10). Mukaddes Kitapda şol perişdelerden ybarat ägirt uly goşuna «ruh we gullukçy» diýilýär. «Hudaý olary halas etjek adamlaryna hyzmat etmek üçin iberýär» (Ýew. 1:14). Hudaýyň guramasynda perişdeleriň hersiniň öz ygtyýary bar (Kol. 1:16).
12 Işaýa pygamber görnüşde Ýehowanyň «beýik we belent tagtda oturandygyny» we «onuň huzurynda seraplaryň durandygyny» görýär. Bizem Ýehowanyň gökdäki guramasy barada oýlansak, onuň näme üçin şeýle sözleri aýdandygyna düşüneris: «Waý meniň halyma! Indi men ölerin, sebäbi men agzy haram adam, agzy haram halkyň arasynda ýaşaýaryn. Men Patyşany, Serkerdebaşy Ýehowany gördüm!» Işaýa pygamber Ýehowanyň guramasynyň ägirt ululygyny görüp gorkýar we onuň ýanynda özüniň hiç zatdygyna göz ýetirýär. Görnüş oňa şeýle bir güýçli täsir edýär welin, Ýehowanyň höküm habaryny aýtmaga derrew seslenip: «Men giderin! Meni iber!» diýýär (Işa. 6:1—5, 8).
13 Şu günlerem Ýehowanyň gullukçylary Hudaýyň beýik guramasy hakda oýlanyp, oňa minnetdar bolýarlar. Şonuň üçin olaram Işaýa pygamber ýaly, Hudaýyň tabşyryklaryny höwes bilen ýerine ýetirýärler. Ýehowanyň guramasy diňe öňe gidýär, şol sebäpli bizem guramada berilýän görkezmelere gulak asyp, onuň bilen deň ýöremäge jan edýäris. Şeýdip, Ýehowanyň guramasyna doly ynanýandygymyzy görkezýäris.
ÝEHOWANYŇ GURAMASY ÖŇE BARÝAR
14 Hyzkyl kitabynyň 1-nji babynda Ýehowanyň gökde ägirt uly arabany ugrukdyrýandygy suratlandyrylýar. Araba Ýehowanyň gökdäki guramasyny aňladýar. Hudaý niýetini amala aşyrmak üçin arabany ugrukdyrýar (Zeb. 103:20).
15 Arabanyň her tigriniň içinden dikligine ini-boýy deň ýene bir tigir geçýärdi. Şol sebäpli olar «ugruny çar tarapa üýtgedip bilýärdi» (Hyz. 1:17). Tigirler ugruny derrew üýtgedip bilýärdi. Emma araba öz-özünden öwrülip bilmeýär, oňa biri gözegçilik edýär. Ýehowa guramasynyň islendik tarapa sowulmagyna ýol bermeýär. Hyzkyl 1:20-de: «Ruh haýsy ugry görkezse, jandarlar şondan gidýärdi» diýilýär. Hawa, Ýehowa guramasyna mukaddes ruhy arkaly ýolbaşçylyk edip, ony islän tarapyna ugrukdyryp bilýär. Şol sebäpli bizem özümize: «Men Ýehowanyň guramasy bilen deň ýöreýärinmi?» diýen soragy bermeli.
16 Ýehowanyň guramasy bilen deň ýöremek üçin diňe ýygnaklara gatnaşyp, hoş habary wagyz etmek ýeterlik däl. Biz ruhy taýdan ösmäge jan etmeli. Munuň üçin «iň wajyp zatlara düşünip», ruhy taýdan wagtly-wagtynda iýmitlenip durmaly (Flp. 1:10; 4:8, 9; Ýah. 17:3). Şeýle-de guramada tertip-düzgün bolmaly, birek-birek bilen eginme-egin işleşmeli. Ýehowanyň bize ynanan işini ýerine ýetirmek üçin wagtymyzy, güýjümizi, ukybymyzy we serişdämizi gaýgyrman, elimizde baryny etjek bolmaly. Ýehowanyň gökdäki arabasy bilen deň ýöremek üçin, diňe bir wagyz etmän, özümizem aýdýan habarymyza görä ýaşamaly.
17 Biz Ýehowanyň guramasynyň kömegi bilen Hudaýyň islegini ýerine ýetirip, diňe öňe barýarys. Bilşimiz ýaly, gökdäki arabany Ýehowanyň özi dolandyrýar. Bizem şol araba bilen deň ýöresek, Arkadagymyz Ýehowa hormat goýýandygymyzy we oňa ynanýandygymyzy görkezýäris (Zeb. 18:31). Mukaddes Kitapda: «Ýehowa halkyna güýç-kuwwat berýär, Ýehowa halkyna parahatlyk berýär» diýilýär (Zeb. 29:11). Ýehowa tertip-düzgüne eýerýän halkyna güýç-kuwwat we parahatlyk berýär. Şonuň üçin bizem onuň halkynyň arasynda asuda ýaşaýarys. Mundan beýläk-de Ýehowanyň islegini ýerine ýetirsek, häzir hem gelejekde egsilmez bereketleri alarys.