Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • od bap 2 sah. 12—16
  • Hudaýyň niýetinde Isanyň orny

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň niýetinde Isanyň orny
  • Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ISANYŇ ORNY
  • ISANYŇ ORNUNA DÜŞÜNMEGIŇ PEÝDASY
  • Wagyz etmeli habarymyz
    Wagyz mekdebi
  • Näme üçin Isa Mesihiň yzyna eýermeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Hudaýyň niýeti tizden ýerine ýeter
    Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • «Siziň ýolbaşçyňyz birdir, ol Mesihdir»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
Başgalary
Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
od bap 2 sah. 12—16

2-NJI BAP

Hudaýyň niýetinde Isanyň orny

«ILKIBAŞDA Hudaý gögi we ýeri ýaratdy». Onuň ýaradan zatlarynyň ählisi «juda gowudy» (1 Mus. 1:1, 31). Ýehowa adamlary ebedi bagtly ýaşamaklary üçin ýaratdy. Ýöne Erem bagynda turan pitne sebäpli Ýehowanyň ýer we adamzat babatdaky niýeti şol wagt ýerine ýetmese-de, ol niýetini üýtgetmedi. Hudaý Adam atanyň neslinden bolan wepaly adamlaryň günäden azat boljagyny, arassa seždäniň gaýtadan dikeldiljegini hem-de zalym Şeýtanyň ähli erbet işleri bilen bilelikde ýok ediljegini öňünden aýtdy (1 Mus. 3:15). Dogrudanam, wagty gelende ähli zat ýene-de «juda gowy» bolar. Ýehowa Ogly Isa arkaly niýetini amala aşyrar (1 Ýah. 3:8). Şol sebäpli biz Hudaýyň niýetiniň amala aşmagynda Isanyň nähili ornunyň bardygyny bilmeli (Res. 4:12; Flp. 2:9, 11).

ISANYŇ ORNY

2 Hudaý niýetini amala aşyrmak üçin Isa birnäçe borjy tabşyrdy. Isa Mesih biziň Halasgärimiz, Baş ruhanymyz, mesihçiler ýygnagynyň başy we Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy. Isanyň borçlaryna gowy düşünsek, oňa bolan söýgimiz artar we eden ýagşylyklary üçin Ýehowa-da minnetdar bolarys. Isanyň borçlary hakda Mukaddes Kitapda aýdylýar.

Ýehowa adamzat babatdaky niýetini Isa arkaly amala aşyrýar

3 Isa ýer ýüzünde gulluk edende, adamlar Hudaý bilen diňe ol arkaly ýaraşyp bolýandygyna düşünip başladylar (Ýah. 14:6). Isa janyny gurban berip, adamzadyň Halasgäri boldy (Mat. 20:28). Diýmek, Isa adamlara diňe bir gowy görelde görkezmän, Ýehowanyň adamzat babatdaky niýetini amala aşyrmak üçin uly goşant goşdy. Biz diňe Isa arkaly Hudaýyň razylygyny gazanyp bilýäris (Res. 5:31; 2 Kor. 5:18, 19). Isa janyny gurban berip, göge gaýdyp baransoň, Ýehowa wepaly adamlara Patyşalygyň ebedi bereketlerini almaga ýol açdy.

4 Baş ruhanymyz Isa biziň günälidigimize, ýalňyşjakdygymyza gowy düşünýär. Ol şägirtleriniň günäden azat bolmagy üçin janyny gurban etdi. Pawlus resul: «Baş ruhanymyz biziň kemçiliklerimize düşünýär. Ol biz ýaly ähli zatda synalsa-da, günä eden däldir» diýdi. Şeýle-de ol Isa Mesihe iman edýän adamlary Hudaý bilen ýaraşmaga höweslendirip: «Geliň, onda Hudaýyň ýagşylyk tagtyna ýakynlaşyp, çekinmän doga-dileg edeliň. Eger kömege mätäç bolsak, ol hökman rehim eder, ýagşylygyny gaýgyrmaz» diýdi (Ýew. 4:14—16; 1 Ýah. 2:2).

5 Isa mesihçiler ýygnagynyň başy. I asyrdaky ýaly, şu günler bize-de ol ýolbaşçylyk edýär. Isa bize Hudaýyň mukaddes ruhy we ukyply ýaşulular arkaly görkezme berýär. Ýaşululara Hudaýyň sürüsiniň aladasyny etmek ynanyldy. Olar munuň üçin Ýehowanyň we Isanyň öňünde hasabat bererler (Ýew. 13:17; 1 Pet. 5:2, 3). Ýehowa Isa barada pygamberlik edip: «Men ony milletlere şaýat, halklara baştutan we serdar etdim» diýdi (Işa. 55:4). Isa-da şägirtlerine: «Özüňize „ýolbaşçy“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Ýolbaşçyňyz bar, ol Mesihdir» diýip, şol sözleriň berjaý bolandygyny tassyklady (Mat. 23:10).

6 Isa bize jany-teni bilen kömek etmäge taýyndygy üçin: «Eý ýadaw we agyr ýükli adamlar! Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn. Men ýumşak we pesgöwünlidirin, meniň boýuntyrygymy dakynyň, menden görelde alyň, şonda janyňyz rahatlyk tapar. Meniň boýuntyrygym ýumşak, ýüküm ýeňildir» diýdi (Mat. 11:28—30). Dogrudanam, Isa ýumşak ýolbaşçy, ol bize göwünlik berip ruhlandyrýar. Şeýdip, ol özüniň «gowy çopandygyny» we gökdäki Atasy Ýehowadan görelde alýandygyny görkezýär (Ýah. 10:11; Işa. 40:11).

7 Pawlus resul korinflilere ýazan hatynda Isanyň ýene bir borjy hakda şeýle sözleri aýtdy: «Hudaý duşmanlaryny onuň aýagynyň astyna salýança, Mesih patyşa bolup höküm sürmelidir. Emma Hudaý ähli zady Ogluna tabyn etdirenden soň, Ogluň özi-de ähli zady tabyn etdiren Hudaýa tabyn bolar. Şonda ähli zadyň üstünden diňe Hudaý hökümdarlyk eder» (1 Kor. 15:25, 28). Ýehowanyň ilkinji ýaradan Ogly Isa ýer ýüzüne gelmänkä, Hudaýyň ýanynda «ökde ussa kimin» zähmet çekýärdi (Nak. 8:22—31). Isa ýer ýüzünde ýaşanda hemişe Hudaýyň islegini ýerine ýetirýärdi. Ol agyr synaglara-da döz gelip, ölýänçä Atasyna wepaly boldy (Ýah. 4:34; 15:10). Şol sebäpli Hudaý ony direldip, göge aldy we Patyşalygynyň Patyşasy etdi (Res. 2:32—36). Isa Mesih milliardlarça perişdeler bilen ýerdäki hökümetleri we ähli erbetligi ýok eder (Nak. 2:21, 22; 2 Sel. 1:6—9; Ylh. 19:11—21; 20:1—3). Soňra ýerde diňe Hudaýyň Patyşalygy höküm sürer (Ylh. 11:15).

ISANYŇ ORNUNA DÜŞÜNMEGIŇ PEÝDASY

8 Isa Mesih kämildi, ol bize ajaýyp görelde görkezdi. Hudaý oňa biziň aladamyzy etmegi tabşyrdy. Eger biz Ýehowa wepaly bolup, onuň guramasy bilen deň ýöresek, Isanyň bizi söýýändigini we aladamyzy edýändigini göreris.

9 I asyrdaky şägirtler Hudaýyň niýetini Isa arkaly amala aşyrýandygyna gowy düşünýärdiler. Şonuň üçin olar Isanyň ýolbaşçylygynda agzybirlikde işleşip, mukaddes ruh arkaly berilýän görkezmelere tabyn bolýardylar (Res. 15:12—21). Pawlus resul saýlanan mesihçileriň agzybir bolmalydygy barada şeýle sözleri ýazdy: «Hakykaty aýdyp, söýgi bilen bedeniň başy Mesihden görelde alalyň we ähli zatda oňa meňzäliň. Mesih arkaly bütin beden özara sazlaşykly birleşýär we bedeniň her bir agzasy biri-biriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Her agzanyň kadaly işlemegi bütin bedeniň ösmegine, ýagny söýgüde berkemegine ýardam edýär» (Efes. 4:15, 16).

10 Ýygnakdakylaryň her biri Isa tabyn bolup, agzybir işleşse, birek-birege bolan söýgi artar we ýygnak ruhy taýdan berkär (Ýah. 10:16; Kol. 3:14; 1 Kor. 12:14—26).

11 Dünýädäki bolýan zatlar Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň berjaý bolýandygyny we Isa Mesihiň 1914-nji ýyldan bäri Patyşadygyny subut edýär. Dogrudanam, Isa duşmanlarynyň arasynda höküm sürýär (Zeb. 2:1—12; 110:1, 2). Munuň ýer ýüzünde ýaşaýan adamlar üçin nähili ähmiýeti bar? Tizden patyşalaryň Patyşasy, hökümdarlaryň Hökümdary Isa duşmanlarynyň üstünden höküm çykarar (Ylh. 11:15; 12:10; 19:16). Şonda Ýehowa Erem bagynda wada berişi ýaly, Isanyň sagynda durjak adamlary halas eder (Mat. 25:34). Biz Hudaýyň niýetini Isa arkaly amala aşyrýandygyny açyp berendigine örän begenýäris. Geliň, soňky günlerde Isa Mesihe tabyn bolup, Hudaýyň tabşyrygyny agzybirlikde ýerine ýetireliň!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş