Ýaş doganlar, siz nähili maksatlar goýduňyz?
1. Ýaş dogan 1 Timoteos 3:1-däki maslahata haçan eýerip başlamaly?
1 «Kim... jan çekýän bolsa, onda ol oňat iş arzuw edýär» (1 Tim. 3:1). Injiliň şu aýatynda doganlara ýygnaga hyzmat etmek üçin taýýarlyk görmek maslahat berilýär. Munuň üçin ýaşyň uly bolmalymy? Dogrusyny aýtsak, sen entek ýaşlygyňdan maksatlar goýsaň, has gowy bolar. Şeýtseň, ulalanyňda gulluk hyzmatçysy bolar ýaly öwrenersiň we talaplara laýyk gelýändigiňi görkezersiň (1 Tim. 3:10). Sen suwda çokundyrylan ýaş dogan bolsaň, nähili maksatlar goýup bilersiň?
2. Nädip janyňy aýamaýandygyňy görkezip bilersiň?
2 Janyňyzy aýamaň. Sen wezipe almaga däl-de, gowy iş etmäge maksat goýandygyňy unutma. Şol sebäpli dogan-uýalara kömek etmek üçin eliňde baryny et. Munuň üçin Isanyň ajaýyp göreldesi barada oýlan (Mat. 20:28; Ýahýa 4:6, 7; 13:4, 5). Adamlaryň aladasyny eder ýaly, Ýehowadan kömek dile (1 Kor. 10:24). Ýygnakdaky gartaşan we ýarawsyz dogan-uýalara kömek edip bilermiň? Sen ýygnak geçirilýän ýeri arassalamaga we bejermäge kömegiňi teklip edip bilermiň? Teokratik gulluk mekdebinde birine derek doklad bilen çykyş etmeli bolanda, özüňi teklip edip bilermiň? Sen dogan-uýalara kömek etseň, şatlyk taparsyň (Res. iş. 20:35).
3. Ruhy taýdan ösmek wajypmy we nädip ösmeli?
3 Ruhy taýdan ösmek. Ýygnakda hyzmat eder ýaly örän zehinli ýa-da ukyply bolmak wajyp däl-de, ruhy taýdan ösmek has wajyp. Ruhy taýdan ýetişen adam ähli zada Ýehowa we Isa ýaly garamaga çalyşýar (1 Kor. 2:15, 16). Ol «ruhuň miwesini» görkezýär (Gal. 5:22, 23). Şeýle-de ol Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup, yhlasly wagyz edýär (Mat. 6:33). Sen özbaşdak okuw geçmegi gowy endik etseň, Ýehowa ýaraýan häsiýetleri ösdürip bilersiň. Munuň üçin günde Mukaddes Ýazgylary okamaly, «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallarynyň her sanyny okamaly hem-de ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmaly we gatnaşmaly (Zeb.1:1, 2; Ýew. 10:24, 25). Pawlus resul ýaş Timoteosa ruhy taýdan öser ýaly: «Özüňe hem taglymata dykgat et, bu işleri dowam etdir» diýdi (1 Tim. 4:15, 16). Teokratik gulluk mekdebinde berlen ýumuşlara gowy taýýarlyk gör. Taýýarlanyp, yzygider wagyz et. Pioner bolmak, Beýtelde gulluk etmek ýa-da Sallah doganlar üçin mekdepde okamak ýaly ruhy maksatlar goýup, olara ýetjek bol. Ruhy taýdan össeň, «ýaşlyk höweslerinden gaça durmaga» kömek eder (2 Tim. 2:22).
4. Näme üçin ynamdarlyk we wepalylyk gymmat saýylýar?
4 Ynamdarlyk we wepalylyk. I asyrda mätäç mesihçilere iýmit paýlanar ýaly barlanan ynamdar we wepaly doganlar bellenipdi. Şol sebäpli resullar iýmit paýlanmaz diýip alada etmän, bar ünsüni başga wajyp işlere jemlediler (Res. iş. 6:1—4). Siz hem ýygnakda ýumuş berlende, ony has gowy ýerine ýetirer ýaly, eliňizde baryny ediň. Nuh pygamber gämi guranda, Hudaýyň görkezmesine doly eýeripdi, siz hem ondan görelde alyň (Gel. çyk. 6:22). Ýehowa wepalylygy gymmat saýýar we bu mesihçiniň hem ruhy taýdan ýetişendigini görkezýär (1 Kor. 4:2) («Öwretmegiň peýdasy» diýen bukja seret).
5. Näme üçin ýaş doganlar maksat goýmaly?
5 Ýehowa pygamberlik edişi ýaly, halkynyň sanyny köpeldýär (Iş. 60:22). Her ýyl ortaça hasap bilen alnanda, 250 müň adam suwda çokundyrylýar. Köp adamlar hakykata gelýär we ýygnakda jogapkärli borçlary ýerine ýetirer ýaly ruhy taýdan ýetişen doganlar gerek. Şu günler öňküdenem has köp Ýehowa gulluk etmeli (1 Kor. 15:58). Ýaş doganlar, siz maksatlar goýduňyzmy? Eger goýan bolsaňyz, gowy işler etmek isleýändigiňizi görkezýärsiňiz!
Köp adamlar hakykata gelýär we ýygnakda jogapkärli borçlary ýerine ýetirer ýaly ruhy taýdan ýetişen doganlar gerek