Köpräk gulluk etmek üçin jan edýäris
1 Pawlus resul mesihçileri Hudaýyň ýoly bilen ýöräp, «bu işde has köp ilerlemegi» ündedi (1 Sel. 4:1). Bu sözler biziň üçin näme aňladýar? Biz ruhy işlerde hemişe ilerläp, «hyzmatymyzy [doly, TD] bitirmek» üçin jan etmeli (2 Tim. 4:5).
2 Höweslendirme. Biz wagyz gullugynda ilerlemäge çalyşýarys, sebäbi Ýaradyja köp gulluk etmek isleýäris. Biz ruhy taýdan yhlas edýäris we gullugymyzyň hilini gowulandyrmak üçin dürli ýollary agtarýarys. Dogry höwes we gowy düzülen gün tertibi bize teokratik maksatlara ýetmäge kömek eder (Zeb. 1:1, 2; Flp. 4:6; Ýew. 10:24, 25).
3 Köpräk gulluk etmek üçin janaýamazlyk ruhuny ösdürmeli. Munuň üçin Isanyň ajaýyp göreldesi barada doga edip oýlanmaly (Mat. 20:28). Isa ýer ýüzünde ýaşanda, adamlara gulluk edeni üçin köp şatlyk aldy (Res. iş. 20:35). Biz Isadan görelde alyp, adamlar bilen ak ýürekden gyzyklanyp bileris we köpräk gulluk etmek üçin ähli mümkinçilikden peýdalanarys (Iş. 6:8).
4 Ata-eneleriň kömegi. Çagalary ýaşlykdan adamlara gulluk edip, köpräk wagyz etmäge höweslendirip bolar. Olar maşgala agzalaryň wagyzda edýän tagallasyna we gulluga köp gatnaşýandygyna üns bererler. Bir dogan çagaka babasy bilen ýygnagyň işlerini bile edýärdi, netijede, onuň köpräk gulluk etmäge islegi döreýär. Ol babasynyň yhlasyny we höwes bilen çekýän zähmetini görüp, doganlara ýürekden gulluk etmäge islegi artýar. Häzir ol gulluk hyzmatçysy bolup gulluk edýär.
5 Doganlar gerek. «Kim... jan çekýän bolsa, onda ol oňat iş arzuw edýär» (1 Tim. 3:1). Bu sözler doganlary Ýehowanyň guramasynda jogapkärli işleri almak üçin gerekli häsiýetleri ösdürip, jan etmäge höweslendirýär. Munuň üçin aýratyn zehin, ukyp talap edilmeýär, ýöne Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup, yhlasly gulluk etmeli (Mat. 6:33; 2 Tim. 4:5). Şeýle-de başgalara gowy görelde görkezmeli.
6 Bütin dünýäde. Ýehowa ýygymy çaltlandyrýar (Iş. 60:22). Isanyň göreldesine eýerýänleriň ählisi köpräk gulluk etmeli. 2006-njy gulluk ýylyň hasabaty boýunça 248 327 adam suwda çokundyryldy. Bu ortaça hasap bilen her gün 680-den gowrak adamyň hakykata gelendigini görkezýär! Geliň, köpräk gulluk etmek üçin jan edeliň!