Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/08 sah. 3
  • Onuň «yzyny alyp göteriň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Onuň «yzyny alyp göteriň»
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Meňzeş maglumat
  • Sen gullugyňy birkemsiz ýerine ýetirýärsiňmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • «Meniň yzyma düş»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Isanyň göreldesine eýerip, söýgi bilen okadyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Mugallymçylyk ukybyňyzy ösdüriň
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 4/08 sah. 3

Onuň «yzyny alyp göteriň»

1. Biz nädip ökde wagyzçy bolup bileris?

1 Isa fariseýleriň mekdebinde okamasa-da, ol taryhda Hudaýyň iň beýik Gullukçysydy. Biz Isanyň gullugy hakynda ýazylan maglumatlardan, ol barada köp zatlary bileris. Biz onuň «yzyny alyp götersek», ökde wagyzçy bolarys (1 Pet. 2:21).

2. Adamlara söýgi bildirmäge Isanyň göreldesi nädip kömek edýär?

2 Adamlalara söýgiňizi bildiriň. Isa adamlary söýýändigi üçin olaryň aladasyny edýärdi (Mar. 6:30—34). Biziň meýdanymyzdaky adamlaryň köpüsi horluk çekip, Mukaddes Ýazgylardaky hakykata mätäç bolýarlar (Rim. 8:22). Adamlaryň agyr ýagdaýy we Ýehowanyň olar barada edýän aladasy hem-de söýgüsi barada oýlansak, olara wagyz etmegi dowam ederis (2 Pet. 3:9). Adamlar biziň ýürekden olaryň aladasyny edýändigimizi görseler, hoş habara höwes bilen seslenerler.

3. Isa wagyz etmek üçin nähili mümkinçilikden peýdalanýardy?

3 Her pursatdan peýdalanyp wagyz ediň. Isa her pursatdan peýdalanyp adamlara hoş habary wagyz edýärdi (Mat. 4:23; 9:9; Ýahýa 4:7—10). Şonuň ýaly biz-de gündelik işi bilen meşgullanýan adamlara hoş habary wagyz etmäge taýyn bolmak isleýäris. Käbir wagyzçylar işde, mekdepde, ulagda, dükanda we başga ýerlerde wagyz etmek üçin, ýanlary bilen Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslan edebiýatlary alýar.

4. Biz nädip Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip bileris?

4 Esasanam, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň. Isa Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz edýärdi (Luka 4:43). Biz wagyz edenimizde, derrew Hudaýyň Patyşalygy barada aýtmasak-da, onuň zerurdygyna adamlaryň düşünmegini isleýäris. Biz soňky günleriň kynçylyklaryny agzap geçsek-de, esasanam «ýagşy zatlaryň hoş habaryny wagyz edýäris» (Rim. 10:15).

5. Üstünlikli wagyz etmäge Mukaddes Ýazgylar nädip kömek edýär?

5 Hudaýyň Sözüne salgylanyň. Isa wagyzda köplenç Mukaddes Ýazgylara salgylanýardy. Ol hiç haçan öz adyndan öwretmeýärdi (Ýahýa 7:16, 18). Hudaýyň Sözi Isany güýçlendirip, Şeýtanyň hüjüminden gorady (Mat. 4:1—4). Üstünlikli öwretmek üçin, biz Mukaddes Ýazgylary her gün okamaly we durmuşda onuň görkezmesine eýermeli (Rim. 2:21). Wagyzda soraga jogap berenimizde, sözlerimizi Mukaddes Ýazgylar bilen tassyklamaly we ony okap bermek üçin, her bir mümkinçilikden peýdalanmaly. Biz adamlara öz pikirimizi däl-de, Hudaýyň pikirini aýdýandygymyzy bildirmek isleýäris.

6. Isa diňleýjileriň ýüregine nädip täsir edýärdi?

6 Öwredeniňizde ýürege täsir ediň. «Hiç kim hiç haçan bu Adamyňky ýaly geplemändi» (Ýahýa 7:46). Baş ruhanylar we fariseýler serkerdelerden Isany näme üçin tussag etmediňiz diýip soranlarynda, olar şeýle jogap beripdiler. Isa öwredende, ýöne bir bilim bermän, ol adamlaryň ýüregine täsir edýärdi (Luka 24:32). Aýdyň mysallar düşnükli we täsirli bolar ýaly, Isa olary gündelik durmuşdan alýardy (Mat. 13:34). Ol diňleýjilerine düşünerinden köp zat aýtmaýardy (Ýahýa 16:12). Isa özüne däl-de, adamlaryň ünsüni Ýehowa gönükdirýärdi. Biz hem «taglymata dykgat etsek», Isa ýaly ökde mugallym bolup bileris (1 Tim. 4:16).

7. Isa wagyz etmäge näme kömek edýärdi?

7 Perwaýsyzlyga we garşylyga garamazdan, wagyz etmegi dowam ediň. Isa ençeme gudrat görkezse-de, adamlaryň köpüsi ony diňlemediler (Luka 10:13). Hatda onuň garyndaşlary-da, oňa «üýtgäpdir diýýärdiler» (Mar. 3:21). Muňa garamazdan, Isa wagyz edýärdi. Ol dogry garaýyşda bolup, adamlara hakykaty öwredýändigine we olary hakykatyň azat etjekdigine berk ynanýardy (Ýahýa 8:32). Biz hem Ýehowanyň kömegine bil baglap, wagyz etmegi dowam ederis (2 Kor. 4:1).

8, 9. Biz Isanyň göreldesine eýerip, hoş habar üçin nämäni pida edip bileris?

8 Jan aýaman gulluk ediň. Isa wagyz etmek üçin rahat ýaşaýyşdan geçdi (Mat. 8:20). Ol käwagt giç agşama çenli üznüksiz wagyz edýärdi (Mar. 6:35, 36). Ol wagyz etmek wagtynyň çäklidigini bileýärdi. Şu günler «wagtyň gysgadygy» sebäpli, biz hem Isanyň göreldesine eýerip, wagza wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi sarp etmeli (1 Kor. 7:29—31).

9 I asyrdaky mesihçiler wagyz gullugynda üstünlik gazandylar, çünki olar Isadan öwrenýärdiler (Res. iş. 4:13). Biz hem taryhda Hudaýyň iň beýik Gullukçysynyň göreldesine eýerip, gullugymyzy doly ýeriniýe ýetirip bileris (2 Tim. 4:5).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş