Sowally bukja
◼ Teokratiki gulluk mekdebinde we gulluk duşuşygynda her çykyşdan soň el çarpmak ýerliklimi?
Ýehowa Ýer şaryny ýaradanda «daň ýyldyzlary şatlykdan ýaňa gygyrýardy, Hudaýyň ähli ogullary gaty ses bilen öwgi aýdýardy» (Eýýup 38:7). Perişdeler Ýehowany ajaýyp işleri üçin şöhratlandyrýardy. Ýehowanyň ýaradan zatlaryndan onuň akyldarlygy, ýagşylygy we güýji görünýärdi.
Biz ýygnak duşuşyklarynda çykyş eden doganlaryň eden tagallalary we gyzykly pikirleri üçin ýürekden minnetdarlyk bildirip bileris. Meselem, biz kongreslerde doganlar çykyş edenden soň el çarpýarys. Şeýle çykyşa taýýarlanmak üçin köp wagt we tagalla gerek bolýar. Biz el çarpmak bilen, diňe doganlaryň çeken yhlasly zähmetine däl-de, Ýehowa we onuň Mukaddes Ýazgylary, guramasy arkaly berýän bilimine minnetdarlygymyzy bildirýäris (Iş. 48:17; Mat. 24:45—47).
Teokratiki gulluk mekdebinde we gulluk duşuşygynda her çykyşdan soň el çarpmalymy? Meselem, okuwçynyň mekdepde birinji sapar çykyş edeni üçin, minnetdarlyk bildirip, el çarpmak ýerliksiz hasaplanmaýar. Emma el çarpmaklyk adaty zada öwrülse, onuň manysy bolmaýar. Şol sebäpli, biz her çykyşdan soň el çarpmaýarys.
Teokratiki gulluk mekdebinde we gulluk duşuşygynda çykyş eden dogan-uýalara el çarpmazdan minnetdarlyk bildirmegiň başga usullary bar. Meselem, çykyş edýän dogany ünsli diňläp, ýygnak duşuşygyndan soň, oňa eden tagalalary üçin sag bolsun aýdyp bileris (Efes. 1:15, 16).