Sen mugallym bolup bilersiň!
1. Patyşalygyň her bir wagyzçysy öňünde nähili ajaýyp maksat goýmaly?
1 Kimdir birine hakykaty öwretsek, gulluk bize aýratyn şatlyk we lezzet berýär. Biz adama Patyşalyk habaryny kabul etmäge we Älemiň eýesine ýakynlaşmaga kömek etmek mümkinçiligini gymmat saýýarys (Ýakup 4:8). Patyşalygyň her bir wagyzçysy ruhy taýdan aç adama hakykaty öwretmäge çalyşmaly we onuň häsiýetlerini, garaýşyny hem-de özüni alyp barşyny düýpli özgertmäge höweslendirmeli (Mat. 28:19, 20).
2. Näme üçin käbiri Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge ikirjiňlenýärler we muny ýeňmäge olara näme kömek edip biler?
2 Ýehowa bil bagla. Geçmişde Ýehowanyň käbir wepaly gullukçylary onuň tabşyran ýumşuny gowy ýerine ýetirip bilmerin öýdýärdiler. Emma, Musa, Ýeremiýa, Amos we başga-da ýönekeý adamlaryň Ýehowa bil baglandygy üçin, olar öz müňkürligini ýa-da ynamsyzlygyny ýeňip, wajyp ýumşy berjaý edip bildiler (Çyk. 4:10—12; Ýerem. 1:6, 7; Amos 7:14, 15). Pawlus resula-da «gaýrat berildi». Nädip? Ol muny: «Hudaý bize gaýrat berdi» diýip düşündirýär (1 Sel. 2:2). Hawa, biziň ählimiz Mukaddes Ýazgylar okuwyny üstünlikli geçirer ýaly, Ýehowanyň kömegine, akyldarlygyna, güýjüne bil baglap bileris (Iş. 41:10; 1 Kor. 1:26, 27; 1 Pet. 4:11).
3, 4. Hudaýyň Sözüniň mugallymlary bolmaga bize nähili tälim kömek edýär?
3 Tälim al. Biziň Beýik Mugallymymyz Ýehowa Hudaý Mukaddes Ýazgylara esaslanan bilimi yzygiderli berýändigi üçin, biz başarjaň mugallym bolup bileris (Iş. 54:13; 2 Tim. 3:16, 17). Şeýle bilimi kabul edip, Ýazgylar barada düşünjämizi artdyrmak we Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwretmek üçin mugallymçylyk ukybymyzy kämilleşdirer ýaly ähli mümkinçilikden peýdalanmaly. Esasanam, biz Teokratik gulluk mekdebinde we gulluk duşuşygynda tälim alýarys. Emma başga ähli ýygnak duşuşyklary hem Hudaýyň Sözüniň mugallymlary bolmaga kömek edýär.
4 Hatda Ýazgylardaky çuň hakykatlary düşündireniňde-de, sada dilde öwretmek üçin tagalla et. «Gulluk mekdebi» kitabynyň 227-nji sahypasynda şeýle düşündirilýär: «Berlen tema ilki özüň gowy düşünmeli, diňe şondan soň ony başgalara oňat düşündirip bilersiň». Ýygnak duşuşyklarynda jogap berseň, esasy pikirleri ýatda saklap soňra olary ulanmaga kömek eder. Duşuşyklara gowy taýýarlansaň, mugallymçylyk ukybyň gowulanyp özüňe ynamyň artar.
5. Mugallymçylyk tärlerini ösdürmäge ýygnagyň agzalary bize nädip kömek eder?
5 Irki mesihçiler şägirt taýýarlamak işinde hyzmatdaşlyk edip bir-birinden öwrenýärdiler (Luka 10:1). Şol sebäpli mümkin bolsa, ökde wagyzçylar, ýagny pionerler, ýaşulular we aýlanýan gözegçiler bilen gulluk edip, olardan Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmegi öwren. Olaryň ýönekeý mysallary we Ýazgylardaky hakykaty düşündirmäge kömek edýän edebiýatymyzdaky başga-da usullary ulanyşyna üns ber. Gowy mugallym bolmak üçin olardan maslahat sora (Sül. tym. 1:5; 27:17). Olardan öwrenmekligiň gadyryny bil we bu tälimleri Ýehowadan alýan ýaly kabul et (2 Kor. 3:5).
6. Hudaýyň Sözüniň mugallymy bolmak üçin, esasan, näme wajyp?
6 Ýehowa bil baglap, onuň berýän täliminden peýdalan. Ilerleýşiňi hemmeler görer ýaly, bu barada doga et (Zeb. 25:4, 5). Elbetde, adamlara Hudaýyň Sözüniň mugallymlary bolmaga kömek edip şatlyk taparsyň!