Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 2/10 sah. 2
  • «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • «Hudaýy söýmek näme aňladýar?»
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Hudaýyň söýgüsinde gal
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2010
km 2/10 sah. 2

«Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»

1. «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitap näme maksat bilen çap edildi?

1 Biz 8-nji martdan başlanýan hepde-de, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly täze kitaby öwrenmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Bu kitapda Ýolbaşçylyk maslahaty hatynyň soňunda ähli Ýehowany söýýän gullukçylara şeýle diýýär: «Biz bu kitap saňa mundan beýläk-de, hakykata görä ýaşap, Hudaýyň söýgüsinde galmaga kömek eder diýip umyt edýäris. Bu seni ebedi ýaşaýşa elter (Ýahuda 21)».

2. Bu täze kitap bize näme üçin peýdaly bolar?

2 Nämä serediler. Maşgala, dost we göwün açma saýlamak, gepleýiş, endikler, däp-dessurlar hem-de häkimiýete hormat goýmak babatda Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsiplerine eýerip bolýar? Biz ynsabymyzy Hudaýyň Sözüniň ýokary ahlak kadalaryna görä terbiýeläp bilýäris (Zeb. 19:7, 8). Biz Ýehowanyň pikirine gowy düşünende, ony razy etmek üçin durmuşda ähli zatda Hudaýa gulak asmak isläris (Sül. tym. 27:11; 1 Ýahýa 5:3).

3. Näme üçin biz her hepde kitaby öwrenende, soraglara jogap berer ýaly tagalla etmeli?

3 Soraglara jogap ber. Ýygnak duşuşygyna taýýarlananyňda Hudaýy şöhratlandyrmagy maksat edin (Ýew. 13:15). Bu täze kitaby biz ýygnakda öwreneris. Her hepdede berilýän kiçi material, öwrenen zatlarymyz hakynda ýygnakda jogap berer ýaly gowy taýýarlanmaga mümkinçilik döreder. Biziň oýlanyp berýän gysgaça jogaplarymyz dogan-uýalary söýgä, oňat işlere höweslendirer we geçilýän material hakynda gyzykly hem-de manyly pikir alyşmaga ýardam eder (Ýew. 10:24). Şeýle-de biz imanymyzy bildirip, uly şatlyk taparys.

4. Ýehowanyň buýruklaryny berjaý etmek näme üçin wajyp?

4 Isa ýer ýüzünde ölmezinden öň soňky gije diňe Ýehowanyň buýruklaryny berjaý edip, Hudaýyň söýgüsinde galyp bolýandygyny aýtdy (Ýahýa 15:10). «Hudaýyň söýgüsi» atly kitap bize her gün Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermegi we «özümizi Hudaýyň söýgüsinde» saklamagy berk ýüregimize düwmäge kömek eder (Ýahuda 21).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş