Gowy okap bilmeýän adamlary öwretmek
1. Käte gullukda nähili kynçylyga duş gelýäris?
1 Käte biz gullukda gowy okap bilmeýän adamlara duş gelende, hakykaty öwretmek kyn bolýar. Olara nädip kömek edip bileris?
2. Gowy okap bilmeýän adamlara näme üçin hormat goýmaly we muny nädip edip bileris?
2 Olara hormat goýuň. Ýehowa üçin adamyň dünýewi bilimi däl-de, onuň ýüregi wajyp (1 Pat. 16:7; Sül. tym. 21:2). Şol sebäpli biz gowy okap bilmeýän adamlara äsgermezlik etmeli däl. Şeýle adamlara hormat goýup, sabyrly bolsak, olar biziň kömegimize höwes bilen seslenerler (1 Pet. 3:15). Elbetde, biz adama aýatlary ýa-da abzaslary okamagy mejbur etmeris. Mukaddes Ýazgylaryň gymmatly hakykatyny öwrendigiçe, onuň gowy okamaga höwesi artar. Şonda ol Hudaýyň Sözüni «gije-gündiz» okamakdan şatlyk tapar (Zeb. 1:2, 3).
3. Gowy okap bilmeýänler bilen nädip okuw geçmeli?
3 Nädip okuw geçmeli. Edebiýatymyzdaky suratlar öwretmäge we ýatda saklamaga gowy kömek edýär. Meselem, sen okuw geçýän adamdan suratda näme görýändigini sorap bilersiň. Soňra düşünmäge kömek eder ýaly, suratdan näme öwrenendigi barada ugrukdyryjy sowallary ber. Şeýle pikiri tassyklaýan aýatlary ulanyp bilersiň. Sapagy gaýtalamak üçin hem suratlary ulanyp bolýar. Bir gezekde köp material geçmejek bol. Tema we esasy pikirlere üns ber, goşmaça material ulanma. Berlen aýatlary göni Ýazgylardan oka we düşünendigine göz ýetirer ýaly, sorag ber. Bu ony gowy okamaga we Mukaddes Ýazgylary özbaşdak öwrenmäge höweslendirer.
4. Okuw geçýäne gowy okamaga nädip kömek etmeli?
4 Gowy okamagy öwrenmek. Gowy okap bilmeýän ýa-da çalt okamaga mümkinçiligi bolmadyk adamlar hem materiala gowy düşünip, ony ýatda saklap bilerler. Olara edebiýatlarymyzyň audio ýazgylaryny hödürläp bolýar. Eger ol okyjyny ünsli diňläp, öz kitabyndan hem yzarlasa, hatda sözleri yzyndan gaýtalasa, gowy okamaga kömek eder. Käbir ýerlerde ýygnagyň ýaşululary gowy okamak üçin okuw geçirýärler. Şeýle peýdaly maslahatlar bize gowy okap bilmeýän adamlary öwredende ýardam edýär, olar Mukaddes Ýazgylara düşünip, gutulyş üçin akyldar bolarlar (2 Tim. 3:15).