Gowy okap bilmeýän adamlara nädip kömek etmeli?
1. Gowy okap bilmeýän adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde nähili kynçylyga duş gelmegimiz mümkin?
1 Gowy okap bilmeýän adamlar hem ruhy zatlar bilen gyzyklanmagy mümkin, emma olar Mukaddes Ýazgylar we başga-da kitaplary okamaga ýaýdanýandyrlar. Şeýle adamlara «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly okuw geçmegi teklip edenimizde, ilkibaşda, netijesiz bolup görünmegi mümkin. Biz olara ruhy taýdan nädip kömek edip bileris? Biz 20 sany dürli ýurtda ýaşaýan tejribeli wagyzçylardan bu babatda näme edendiklerini soradyk. Aşakda olaryň aýdan käbir pikirleri getirilýär.
2. Gowy okap bilmeýänlere haýsy edebiýatlar has gowy kömek edýär?
2 Okuw geçýän adam gowy okap bilmeýän ýa-da asla okap bilmeýän bolsa, siz «Şatlan — ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş!» atly broşýura arkaly okuwa başlap bilersiňiz. Meselem, Afrikada ýaşaýan adamlaryň arasynda sorag-jogap arkaly däl-de, her dürli hekaýalary diňläp, öwrenmeklik däp bolupdyr. Muňa garamazdan, sowatly adam hem okamaga we pikir alyşmaga razylaşýardy. Ýöne bu sowatsyz adamlary oňaýsyz ýagdaýa salyp bilerdi. Okuw geçýän adam biraz okap bilýän bolsa, wagyzçylaryň köpüsi «Hudaýyň hoş habary», «Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň» broşýuralaryndan ýa-da «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» atly kitapdan okuwa başlamagy gowy görýärler.
3. Okap bilmeýän adamlaryň ýagdaýyna düşünmeklik bize ökdelik bilen öwretmäge nädip kömek eder?
3 Öwgüli sözleri aýdyň. Okamagy öwrenip bilmeýän adamlar utanjaň bolýarlar, hatda olaryň köpüsiniň özüne bolan ynamy gaçýar. Şeýle adamlara ilki bilen hakykaty öwretsek, özlerini ynamly duýmaga kömek ederis. Köp adamlar okap bilmeseler-de, düşünjeli we öwrenmäge ukyply bolýarlar. Biz olaryň mertebisini sylap, hormat goýmaly (1 Pet. 3:15). Eger olar edýän tagallalarynyň biderek däldigine göz ýetirseler, olaryň okuwyny dowam etmäge islegi artar we ruhy taýdan ösüş ederler. Şol sebäpli olara hemişe öwgüli sözleri aýdyň.
Okamagy öwrenip bilmeýän adamlar utanjaň bolýarlar, hatda olaryň köpüsiniň özüne bolan ynamy gaçýar. Şeýle adamlara ilki bilen hakykaty öwretsek, özlerini ynamly duýmaga kömek ederis
4. Biz gowy okap bilmeýän adamlara sapaga taýýarlanmaga nädip kömek edip bileris?
4 Okuw geçýän adam gowy okap bilmese-de, ony sapaga taýýarlyk görmäge höweslendiriň. Günorta Afrikada käbir wagyzçylar okuw geçýänlerine maşgala agzalaryndan ýa-da gowy okap bilýän dostundan kömek soramagy maslahat berýärler. Britaniýadaky wagyzçylar bolsa, okuw geçýänlerine geçiljek sapagyň birnäçe abzasyna öňünden taýýarlanmagy we soraglaryň jogabynyň aşagyny çyzmagy maslahat berýärler. Bu olara okuwyň dowamynda soraglaryň jogabyny aňsatlyk bilen tapmaga kömek edýär. Hindistanda ýaşaýan bir dogan okuw geçýänlerine indiki hepdede geçiljek sapagyň suratlaryna seretmegi we olar hakda öňünden oýlanmagy maslahat berýär.
5. Okuw geçenimizde nädip sabyrly bolup bileris?
5 Sabyrly boluň. Haýsy edebiýaty ulansaňyz-da, onuň esasy pikirlerine üns beriň we okuw geçýänleriňize olara gowy düşünmäge kömek ediň. Başda 10-15 minut gysgaça pikir alyşsaňyz gowy bolar. Belki-de, çendenaşa köp maglumat bermän, her sapakdan birnäçe abzaslara seredersiňiz. Eger okuw geçýän adam haýal okasa, sabyrly boluň. Şonda onuň has gowy okamaga islegi artar hem-de Ýehowa minnetdar bolar. Bu babatda oňa kömek etmek üçin sapak geçip başlanyňyzdan, ony ýygnak duşuşygyna çagyrsaňyz gowy bolar.
6. Biz adamlara okamagy öwrenmäge nädip kömek edip bileris?
6 Okuw geçýän adamlar okamagy öwrenseler, ruhy taýdan çalt ösüş ederler (Zeb. 1:1—3). Eger okuw geçýän adam ruhdan düşse, onuň käbir zatlary nädip etmelidigini öwrenendigini aýdyp, özüni ynamly duýar ýaly ony ruhlandyryp bilersiňiz. Onuň edýän tagallalaryny Ýehowanyň patalajakdygyna aýdyň we Hudaýa doga etmäge höweslendiriň (Sül. tym. 16:3; 1 Ýahýa 5:14, 15). Britaniýadaky käbir wagyzçylar okuw geçýänlerine ýetip biläýjek maksatlaryny goýmaga höweslendirýärler. Meselem, olar ilki bilen harplary tanamagy, soňra käbir aýatlary tapmagy we okamagy hem-de Mukaddes Ýazgylara esaslanan sada dilde ýazylan edebiýatlary okamagy öwrenýärler. Köplenç adamlara okamagy öwredenimizde, olara diňe bir nädip öwrenmelidigini däl-de, ony isleg bilen etmäge höweslendirmeli.
7. Biz gowy okap bilmeýän adamlara hakykaty öwreder ýaly näme üçin elimizde baryny etmeli?
7 Ýehowa ýokary bilimi bolmadyk adamlaryň mertebesini peseltmeýär (Eýýup 34:19). Ýehowa adamlaryň ýüregini barlaýar (1 Ýyl. 28:9). Şol sebäpli gowy okap bilmeýän adamlara hakykaty öwretmek üçin elimizde baryny etmeli. Adamlar bilen okuwa başlamaga bizde köp ajaýyp edebiýatlar bar. Wagtyň geçmegi bilen, biz «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly adamlara okuw geçmegi dowam edip bileris we onuň kömegi bilen aýatlara has gowy düşünmäge kömek ederis.