Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 6/10 sah. 1
  • Sen gözüňi sada saklaýarmyň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen gözüňi sada saklaýarmyň?
  • Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Sada ýaşamak Hudaýy şöhratlandyrmaga kömek edýär
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
  • Mesihçi maşgalalar, «taýýar boluň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sen gullugyňy birkemsiz ýerine ýetirýärsiňmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Hemişe Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2010
km 6/10 sah. 1

Sen gözüňi sada saklaýarmyň?

1. «Gözüň sag» bolmagy nämäni aňladýar?

1 Isa dagdaky wagzynda: «Gözüň sag bolsa, bütin bedeniň hem ýagty bolar» diýipdi. Onuň aýdan sözleri, gör, nähili ýerlikli! Sebäbi gözümizi nämä gönükdirsek, hereketimize täsir edýär. (Mat. 6:22). Eger Isanyň aýdyşy ýaly gözümiz ruhy taýdan «sag» bolsa, biz diňe Hudaýyň islegini berjaý ederis. Biz wagyz işine päsgel berjek, zerur bolmadyk maddy zatlara we işlere ünsümizi bermän, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýarys.

2. Biziň garaýşymyzy näme ýoýup biler, emma bize näme kömek eder?

2 Özüňi barla. Reklamalaryň: «Size hökman gerek» ýa-da «Başga adamlarda şol zat bar» diýmegi, garaýşymyzy ýoýup bilýär. Bir zady satyn almagyň ugruna çykmazdan öň, «harjyňy hasaplap», oňa näçe wagtyň, puluň ýa-da güýjüň gitjekdigi hakynda oýlansaň gowy bolar. Özüňe şeýle sorag ber: «Bu, Ýehowa edýän gullugyma gowy täsir edermi ýa-da oňa päsgel berermi?» (Luka 14:28; Flp. 1:9—11). Şeýle-de, köpräk wagyz eder ýaly durmuşymyzy nädip has ýönekeýleşdirse bolýandygy hakynda wagtal-wagtal oýlansak paýhasly bolar (2 Kor. 13:5; Efes. 5:10).

3. Ýönekeý ýaşamak üçin özgerişik eden uýadan biz näme öwrenýäris?

3 Uzak gün işleýän bir uýa pioner gullugyna başlaýar. Oňa zerur zatlaryna ýarym günlik işi ýeterlik bolsa-da, ol öňki işinde işlemegini dowam etdi. Netijede ol şeýle diýdi: «Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmeýär. Ahyr soňy isleglerimden ýüz öwrüp, diňe zerur bolan zatlaryň aladasyny edip başladym. Wagtyň geçmegi bilen maddy zatlaryň gyzygy gaçýandygyna we olara ýetjek bolup halys ýadaýandygyma düşündim». Ol uýa durmuşyny ýönekeýleşdirmek üçin işini çalyşýar, bu oňa pioner gullugyny dowam etmäge kömek etdi.

4. Näme üçin şu günler gözüňi sada saklamak wajyp?

4 Gaýragoýulmasyz wagtda ýaşaýandygymyz sebäpli, şu günler gözüňi sada saklamak örän wajyp. Biz gün-günden şu dünýäniň soňuna golaýlap, Hudaýyň täze dünýäsine ýakynlaşýarys (1 Kor. 7:29, 31). Eger ünsümizi wagyz işine gönükdirsek, biz özümizi we gulak asýanlary halas edip bileris (1 Tim. 4:16).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş