«Gorkma!»
1. Biz Ýeremiýa ýaly nähili kynçylyklara duş gelýäris?
1 Ýeremiýa pygamberlik etmek tabşyrlanda, ol muny ýerine ýetirip bilmerin öýtdi. Emma Ýehowa oňa: «Gorkma!» diýip, pygamberlik eder ýaly mähir bilen goldady (Ýerem. 1:6—10). Şu günlerem çekinjeňlik we özüňe göwni ýetmezlik wagyz edişimize täsir edip bilýär. Adamlar biz barada näme diýip, näme jogap berjekdiginden gorkup, kämahal wagyz etmäge çekinýändiris. Şeýle gorkyny nädip ýeňip bolar we nähili bereketler alarys?
2. Wagza öňünden taýýarlansak, gorkyny ýeňmäge nädip kömek eder?
2 Öňünden taýýarlan. Gowy taýýarlyk görsek gorkmarys. Meselem, gürrüňi böläýjek zatlar hakynda öňünden oýlansak, aýdýan zatlarymyz bilen ylalaşmasalar näme jogap bermelidigine taýýar bolarys (Sül. tym. 15:28). Mekdepde hem-de wagyzda duşaýjak dürli kynçylyklary maşgala okuwynda sahnalaşdyrsaňyz gowy bolmazmy? (1 Pet. 3:15).
3. Ýehowa bil baglasak, nädip gorkyny ýeňeris?
3 Ýehowa bil bagla. Biz gorkmaz ýaly, Hudaýa bil baglamaly. Ol bizi goldajakdygyny wada berýär (Iş. 41:10—13). Biziň, gör, nähili güýçli kömekçimiz bar! Şeýle-de Isa biz nähili ýagdaýa düşäýende-de, Hudaýyň mukaddes ruhy gowy wagyz etmäge kömek etjekdigini aýtdy (Mar. 13:11). Şonuň üçin biz hemişe Ýehowadan mukaddes ruhy dilemeli (Luka 11:13).
4. Wagyzda ýüze çykýan kynçylyklara döz gelsek, nähili bereketler alarys?
4 Bereketler alarys. Wagyzda ýüze çykýan kynçylyklara döz gelsek, gelejekde duş geljek synaglarda hem mert durarys. Biz mukaddes ruh arkaly batyrgaý we mert bolarys (Res. iş. 4:31). Eger Ýehowanyň kömegi bilen gorkyny ýeňsek, oňa imanymyz berkäp, bil baglarys (Iş. 33:2). Şeýle-de biz gökdäki Atamyzy razy edýändigimize begenýäris we kanagatlanýarys (1 Pet. 4:13, 14). Şonuň üçin, geliň, Patyşalyk baradaky hoş habary batyrgaýlyk bilen wagyz edip, Ýehowanyň bizi goldajakdygyna hemişe ynanalyň!