Ýazgylara esaslanan gürrüňdeşlik
Mukaddes Ýazgylara esaslanyp wagyz etmek üçin gowy taýýarlanmaly. Aşakdaky getirilen soraglary we aýatlary wagyzda nädip ulansa bolýandygy hakynda oýlanyp görüň. Olardan siziň territoriýaňyza gabat gelýänini saýlap, oňa gowy taýýarlyk görüň. Eger başga göwnüňe ýaraýan hödürler ýa-da aýatlar bar bolsa, olary ulanyp bilersiň.
1. Siziň pikiriňizçe, Hudaý biziň aladamyzy edýärmikä?
▪ Zebur 7:9 — Hudaý biziň ýüregimizi görýär we çuňňur duýgularymyza düşünýär.
▪ Ýakup 4:7, 8 — Biz ejiz we günäli bolsak-da, Mukaddes Ýazgylary öwrenip, Hudaýa ýakynlaşyp bilýäris.
2. Şu günler garyp adamlara dogruçyl bolmak aňsatmy?
▪ Zebur 37:25 — Hudaýyň Sözünde dogruçyl adamyň hor bolmajakdygy aýdylýar.
▪ 2 Petrus 3:13 — Hudaý ýagşy adamlary erbetlikden dyndyrjakdygyny wada berýär.