Çagalaryňyz mekdebe taýýarmy?
1. Okuwçylar näme üçin mekdebe taýýarlyk görmeli?
1 Tizden täze mekdep ýyly başlanar. Mesihçi çagalar täze kynçylyklara we synaglara duşsa gerek. Onsoňam, olarda «hakykaty güwälik etmäge» täze mümkinçilikler dörär (Ýahýa 18:37). Olar muňa taýýarmy?
2. Mekdebe taýyn bolmak üçin çagalaryňyz nämeleri bilmeli?
2 Siziň çagalaryňyz käbir baýramçylyklaryň milletparazlyk we butparazlyk bilen baglydygyny bilýärmi we olara gatnaşmagyň nädogrudygyna düşünýärmi? Çagalaryňyza ýokary bilim almagy, söýüşmegi, spirtli içgiler içmegi ýa-da neşe serişdeleri ulanmagy hödürleseler, olar jogap bermäge taýýarmy? Olar: «Bu meniň dinime garşy gelýär» diýmek bilen çäklenermi ýa-da ynanýan zatlaryny gowy düşündirip bilermi? (1 Pet. 3:15).
3. Ene-atalar çagalaryny taýýarlamak üçin maşgala okuwyndan nädip peýdalanyp biler?
3 Maşgala okuwynyň peýdasy. Elbetde, siz ýüze çykýan kynçylyklar barada bütin okuw ýylyň dowamynda-da gürrüň edip bilersiňiz. Ýöne okuw ýyly başlamanka, çagalaryňyz bilen mekdepde döräp biljek kynçylyklar barada öňünden ýörite gürrüňler etseňiz, onda olar özüni okuwda has-da ynamly alyp bararlar. Şol meselelere birki sapar maşgala okuwynda seredip bilersiňizmi? Siz çagalaryňyzdan mekdep bilen bagly näme hakda köp gaýgy-alada edýändiklerini sorap bilersiňiz. Öňki ýyllar sereden temalaryňyzy ýene-de bir sapar gözden geçirip bilersiňiz, sebäbi çagalaryňyz indi biraz ulaldy, olaryň düşünjesi hem artdy (Zeb. 119:95). Maşgala okuwynda ýörite sahnalar gurnasaňyz hem bolar. Siz mugallymyň ýa-da klasdaşyň roluny oýnap bilersiňiz. Çagalaryňyza Mukaddes Ýazgylardan jogap bermegi hem-de «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» (rus.) we «Ýaşlaryň sowallary» (rus.) atly kitaplary ulanmagy öwrediň. Bir uýa çagalaryna okuw ýylyň başynda täze mugallymynyň ýanyna baryp, Ýehowanyň Güwäçisidigini aýtmagy öwretmek üçin ýörite sahnalar gurnapdyr (2010-njy ýylyň 15-nji dekabrynda çykan «Garawul diňi» (sah. 3—5) žurnalyna serediň).
4. Paýhasly ene-atalar näme ederler?
4 Häzirki soňky günlerde ýaş mesihçiler has kyn synaglara duş gelýärler (2 Tim. 3:1). Paýhasly ene-atalar şeýle kynçylyklara öňünden taýýarlanmaga çalyşýarlar (Sül. tym. 22:3). Çagalaryňyzy täze okuw ýylyna taýýarlamak üçin güýjüňizi gaýgyrmaň.