Sen mekdebe taýýarmyň?
1. Täze okuw ýylynda ýaş mesihçileriň nähili mümkinçilikleri bolar?
1 Eger sen ýaş mesihçi bolsaň, haýsy synpa geçýändigiňe garamazdan, okuw ýyly başlandan täze kynçylyklara we synaglara duş gelersiň. Emma bu saňa «hakykaty wagyz etmäge» täze mümkinçilikleri hem berýär (Ýahýa 18:37). Sen mekdepde wagyz etmäge taýýarmyň?
2. Mekdebe nädip taýýarlanyp bilersiň?
2 Ýehowa, ata-eneň we sadyk hem akylly hyzmatkär saňa durmuşyň ähli pudaklarynda ulanar ýaly, köp bilim berýärler (Sül. tym. 1:8; 6:20; 23:23—25; Efes. 6:1—4; 2 Tim. 3:16, 17). Indi sen mekdepde nähili kynçylyklaryň boljakdygyny bilýärsiň. Hudaýyň tabşyryklary we nähili ýagdaýa duşjakdygyň barada bilip, wagyz etmäge taýýarlan (Sül. tym. 22:3). «Ýaşlaryň sowallary» (rus.) atly iki tomly kitapdaky we «Oýanyň!» (rus.) žurnalynda ýaşlar üçin yzygiderli çap edilýän makalalardaky maslahatlar hem-de Mukaddes Ýazgylaryň berýän öwüt-ündewleri barada çynlakaý oýlan.
3. Sen mekdepde nähili ýollar bilen wagyz edip bilersiň?
3 Bu aýratyn territoriýada sen dürli ýol bilen wagyz edip bilersiň. Seniň göreldeli eşigiň, daş keşbiň, özüňi alyp barşyň, synpdaşlaryňa we mugallymlara bolan sylaşygyň, hatda seniň bahalaryň gowy güwälik bolup biler. Kimdir biri seniň ynamly ýaşaýandygyňy synlap: «Sen näme üçin başgalar ýaly däl?» diýip soramagy mümkin (Mal. 3:18; Ýahýa 15:19). Bu saňa wagyz etmäge we garaýşyňy düşündirmäge mümkinçilik berer (1 Tim. 2:9, 10). Mümkin, sen ýylyň dowamynda milli dabaralara we baýramçylyklara gatnaşmaýandygyň barada düşündirmeli bolarsyň. Sen diňe bir: «Bu meniň dini garaýşym bilen bagly» ýa-da «Men Ýehowanyň Güwäçisi» diýermiň? Ýa-da söýgüli Atamyz Ýehowa barada wagyz etjek bolarmyň? Ýehowanyň görkezmesi boýunça oňat taýýarlansaň, bu saňa synpdaşlaryňa, mugallymlara we başgalara gowy wagyz etmäge kömek eder (1 Pet. 3:15).
4. Mekdepde üstünlikli boljakdygyňa näme üçin ynamly bolup bilersiň?
4 Mekdebe gitmäge biraz gorkýan hem bolsaň, köpleriň seniň mekdepde üstünlikli bolmagyňy isleýändigini we seni goldamaga taýyndygyny unutma. Biz seniň aýratyn territoriýada adamlara wagyz edip biljekdigiňe örän begenýäris. Şol sebäpli mekdebe gorkman gidip bilersiň!