Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 10/11 sah. 2
  • Wagyz etmäge ýaýdanma

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyz etmäge ýaýdanma
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Çagalaryňyz mekdebe taýýarmy?
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Sen mekdebe taýýarmyň?
    Hudaýa gullugymyz — 2009
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 10/11 sah. 2

Wagyz etmäge ýaýdanma

1. Mekdepde wagyz eder ýaly näme gerek we näme üçin?

1 Sen mekdepde wagyz etmäge ýaýdanýarmyň? Belki-de, sen üstümden gülerler öýdüp gorkýansyň? Eger çekinjeň bolsaň, saňa batyrgaýlyk has-da gerek. Batyrgaý wagyz etmäge saňa näme kömek eder?

2. Mekdepde wagyz edende nädip paýhasly bolmaly?

2 Paýhasly bol. Sen mekdebe öz meýdançaň ýaly garap bilersiň, ýöne mekdepde öýden-öýe wagyz edilişi ýaly hemmä wagyz etmeklik talap edilmeýär. Haçan wagyz etmelidigini biler ýaly paýhasly bolmaly (Wag. 3:1, 7). Sapakda gürrüňdeşlik geçirilende ýa-da ýumuş tabşyrylanda dini ynançlaryň barada aýtmaga sende mümkinçilik döreýär. Ýa-da synpdaşlaryň senden käbir çärelere näme üçin gatnaşmaýandygyňy soramaklary mümkin. Käbir mesihçiler okuw ýylynyň başynda mugallymlaryna özleriniň Ýehowanyň Güwäçisidigini aýdýarlar we imanyny düşündirmek üçin Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary berýärler. Käbirleri bolsa synpdaşlary sorag berer ýaly, edebiýatlary partada goýýarlar.

3. Mekdepde wagyz etmäge nädip taýýarlanyp bilersiň?

3 Öňünden taýýarlan. Wagza öňünden taýýarlyk görseň, dogumly gürrüň bermäge kömek eder (1 Pet. 3:15). Munuň üçin ýüze çykjak soraglara nädip jogap bermelidigi barada oýlanyp bilersiň (Sül. tym. 15:28). Eger mümkinçilik bolsa, wagyz etmek üçin Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary, meselem: «Mukaddes Ýazgylar öwredýär», «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» we ýaradylyş baradaky edebiýatlary ýanyň bilen al. Maşgala okuwynda kakaň bilen ejeňden mekdepde wagyz etmäge degişli sahna taýýarlamagy haýyş edip bilersiň.

4. Mekdepde wagyz etmegi näme üçin bes etmeli däl?

4 Dogry garaýyşda bol. Synpdaşlaryň seniň wagyz edýändigiň sebäpli hemişe üstüňden gülerler öýtme. Olaryň käbiri seniň batyrgaýlygyňy görüp, hoş habary diňlemekleri mümkin. Eger hiç kim seslenmese, lapykeç bolma, çünki Ýehowa seniň edýän tagallalaryňy görüp, örän begener (Ýew. 13:15, 16). Ondan «bütin batyrlyk bilen... sözlemäge» gaýrat bermegi sora (Res. iş. 4:29; 2 Tim. 1:7, 8). Belki-de, kimdir biri hoş habara seslenip, Ýehowanyň gullukçysy bolar. Şonda seniň begenjiňiň çägi bolmaz!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş