Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/11 sah. 3
  • Mugallyma iň gerekli häsiýet

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mugallyma iň gerekli häsiýet
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Isanyň göreldesine eýerip, söýgi bilen okadyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Söýgi — gymmatly häsiýet
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Asla tükenmeýän söýgini ösdüriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Seni söýýän Hudaýy söý
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 11/11 sah. 3

Mugallyma iň gerekli häsiýet

1. Gowy mugallym bolmak üçin näme wajyp?

1 Hoş habaryň oňat mugallymy bolmaga näme kömek eder? Ýokary bilimmi? Zehinmi ýa-da tejribe? Aslynda, ol häsiýet kanuny berjaý edendigiňi görkezýär, Isanyň şägirtlerini tapawutlandyrýar we Ýehowanyň esasy häsiýetleriniň arasynda ilkinji ýerde durýar (Ýahýa 13:35; Gal. 5:14; 1 Ýahýa 4:8). Hawa, gürrüň söýgi barada gidýär. Gowy mugallym bolmak üçin söýgi gerek.

2. Adamlary söýmek näme üçin wajyp?

2 Adamlary söýüň. Beýik Mugallym Isa adamlary söýýärdi, şol sebäpli halk ony höwes bilen diňleýärdi (Luka 5:12, 13; Ýahýa 13:1; 15:13). Biz hem adamlaryň aladasyny etsek, her bir pursatdan peýdalanyp wagyz ederis. Bize ne yzarlamalar, ne-de adamlaryň hoş habara sowuk-sala garaýşy päsgel berer. Biz adamlar bilen ýürekden gyzyklanyp, olaryň aladalanýan zatlaryny göz öňüne tutup wagyz ederis. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin, olaryň her birine öňünden taýýarlyk göreris.

3. Hakykata bolan söýgi nämä kömek eder?

3 Hakykaty söýüň. Isa hakykaty söýýärdi we oňa hazyna kimin garaýardy (Mat. 13:52). Biz hem hakykaty söýsek, ony yhlas bilen gürrüň bereris, bu bolsa adamlary diňlemäge höweslendirer. Şeýle söýgi ukybymyzyň çäklidigine garamazdan, aýdýan hoş habarymyza ünsli bolmaga kömek eder.

4. Söýgini nädip ösdürip bileris?

4 Söýgini ösdüriň. Biz adamlara bolan söýgimizi nädip ösdürip bileris? Munuň üçin Ýehowanyň we Onuň Ogly Isanyň bildirýän söýgüsi barada hem-de meýdançamyzdaky adamlaryň ruhy taýdan gözgyny ýagdaýy hakynda oýlanmaly (Mar. 6:34; 1 Ýahýa 4:10, 11). Şahsy okuwymyzy yzygiderli geçirip, okan zatlarymyz hakynda çuňňur oýlansak hem söýgimiz artar. Söýgi mukaddes ruhuň miwesidir (Gal. 5:22). Şol sebäpli Ýehowadan mukaddes ruhy dilemeli we söýgini ösdürmek üçin kömek soramaly (Luka 11:13; 1 Ýahýa 5:14). Hawa, biziň ýokary bilimimiz, zehinimiz we tejribämiz bolmasa-da, söýgini ösdürip, Mukaddes Ýazgylaryň ökde mugallymy bolup bileris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş