Hödürleriň nusgasy
Ýanwar aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak
«Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylarda ygtybarly pygamberlikleriň bardygyna ynanýarlar. Käbirleri bolsa, ondaky welilikleri düşnüksiz hasaplaýarlar we olary dürlüçe düşündirip bolýandyr öýdýärler. Siz nähili pikir edýärsiňiz?» Jogap bersin. Söhbetdeşiňize «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji ýanwar aýynda çykan sanyny beriň. 16-njy sahypadaky birinji sözbaşa esaslanyp, gürrüňdeş boluň. Ondaky bir aýady okaň. Žurnaly hödürläp, ikilenç ideg etmek üçin sorag beriň.
«Geçmişde ýaşan ençeme meşhur adamlardan köp zat öwrenip bolýar. Siz hem şeýle pikir edýärmisiňiz? (Jogap bersin). Şu aýatda «Hudaýyň dosty» hasaplanan bir adam barada aýdylýar (Ýakup 2:23-i oka). Bu žurnalda näme üçin Hudaý Ybraýymy öz dosty hasaplandygy we ol pygamberiň göreldesinden näme öwrenip bolýandygy barada gürrüň berilýär».
«Dünýäde parahorluk ýaly erbet işler giňden ýaýran. Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, üstünlik gazanmak üçin şeýle işleri etmeli. Siz nähili pikir edýärsiňiz? (Jogap bersin). Şu oýlandyryjy sözlere üns beriň (Süleýmanyň tymsallary 20:17-ni oka). Bu žurnalda dogruçyllygyň peýdasy barada düşündirilýär».