Resmi web-sahypamyz şahsy we maşgala okuwy üçin peýdaly
Täze çykan žurnallary okaň. «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallary ýygnaklarda berilmänkä, eýýäm Internete birnäçe hepde öňünden çykýar. Şeýle-de biz žurnalyň audioýazgysyny hem diňläp bileris. «Publikasii/Žurnaly» (Edebiýatlar/Žurnallar) diýen bölümleri açyp görüň.
Diňe web-sahypada çykýan makalalar. Käbir makalalar, meselem, «Ýaşlar üçin», «Mukaddes Ýazgylardan sapaklar», «Tutuş maşgala üçin» we «Ýaşlaryň sowallary» diýen makalalar indi diňe web-sahypamyzda çykar. Internete girip, şol makalalaryň käbirini şahsy hem maşgala okuwynda öwrenip bilersiňiz. «Bibleýskiýe uçeniýa/Deti ýa-da Bibleýskiýe uçeniýa/Podrostki» (Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary/Çagalar ýa-da Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary/Etginjekler) diýen bölümleri açyp görüň.
Soňky täzelikler. Ruhlandyrýan habarlary hem-de wakalary okaň we bütin dünýäde wagyz işiniň gidişi hakda wideoşekillere serediň. Käbir habarlarda tebigy betbagtçylyklar we yzarlamalar hakda gürrüň berilýär. Bulary okasak, biz käbir doganlarymyz üçin ýörite doga edip bileris (Ýakup 5:16). «Nowosti» (täzelikler) bölümini açyp görüň.
Onlaýn-kitaphanada gözleg geçiriň. Eger seniň kompýuteriňde ýa-da el telefonyňda Ýehowanyň Güwäçileriniň elektron kitaphanasy ýok bolsa, onda onlaýn-kitaphanany ulanyp, soňky çykan edebiýatlardan gözleg geçirip bilersiň. Häzir onlaýn-kitaphana birnäçe dilde çykýar. Gelejekde başga dillerde-de çykyp başlar. «Publikasii/Onlaýn-biblioteka» (Edebiýatlar/Onlaýn-kitaphana) diýen bölümi açyp görüň.
[4-nji sahypadaky shema]
(Teksti doly görmek üçin edebiýata serediň)
Ulanyp gör
1 Suratyň üstüne ýa-da «Skaçiwat» (almak) diýen düwmejige bas. Ekranda suratly PDF dokument görünýär. Muny çap et we çagalaryň üçin peýdalan.
2 Wideofilme seretmek üçin «Proigrowat» (aýtdyrmak) basyň.