Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/13 sah. 1
  • Ýunus pygamberden görelde alyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýunus pygamberden görelde alyň
  • Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • Ol eden ýalňyşyndan sapak edindi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ol rehimdar bolmagy öwrendi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ýunus kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
  • Ýehowa Ýunusa sabyr etdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2013
km 4/13 sah. 1

Ýunus pygamberden görelde alyň

1. Ýunus pygamberde nähili gowy häsiýetleri bardy?

1 Sen Ýunus pygamber hakynda oýlananyňda näme ýadyňa düşýär? Käbir adamlar ony gorkak we rehimsiz hasaplaýar. Emma ol kiçigöwünli, mert we janyny aýamaýardy. Biz Ýunusyň bu gowy häsiýetlerine nädip eýerip bileris? (Ýakup 5:10).

2. Biz Ýunus pygamberiň kiçigöwünligine nädip eýerip bileris?

2 Kiçigöwünlilik. Başda Ýunus pygamber aýdylan ýere däl-de, başga ýere gaçyp gidýär. Bu geň däl, sebäbi aşurlylar zalymlygy bilen tanalyp, Ninewe şäherine «ganhor şäheri» diýilýärdi (Nah. 3:1—3). Emma Ýehowa Ýunusy düzedende, ol kiçigöwünlik bilen ikinji sapar berlen ýumşy ýerine ýetirmäge razylaşdy (Sül. tym. 24:32; Ýunus 3:1—3). Başda ol gaçyp gitse-de, soňra Ýehowanyň islegini berjaý etdi (Mat. 21:28—31). Bize-de şeýle düzediş berlende ýa-da wagyz etmek kyn ýere iberilende, yhlas bilen wagyz ederismi?

3. Wagyzda haçan mert bolmaly we janyňy aýamaly däl?

3 Batyrgaýlyk we janyňy aýamazlyk. Ýunus pygamber nädogry kararynyň gämiçileriň janyny howp astyna salandygyna düşünende, janyny bermäge-de taýyndy (Ýunus 1:3, 4, 12). Soňra ol Ninewe şäherinde ýumşuny ýerine ýetirende, Hudaýyň hökümini yglan eder ýaly, amatly ýer gözläp şäheriň merkezine barýar. Eýsem, bu pygamberiň gorkaklygyny däl-de, mertligini görkezmeýärmi?! (Ýunus 3:3, 4). Şu günler biz barada näme diýse bolar? Garşylyga duşanymyzda, Hudaý bize mert wagyz eder ýaly, batyrgaýlyk berýär (Res. iş. 4:29, 31). Wagza köp wagtymyzy we güýjümizi sarp edip, janymyzy aýamarys (Res. iş. 20:24).

4. Ýehowanyň pygamberleriniň gowy göreldesi barada oýlanar ýaly näme üçin wagt tapmaly?

4 Her gezek Ýehowanyň bir pygamberi barada okanyňda, oňa derek şol ýagdaýda özüňi goýup gör. Özüňe şeýle soraglary ber: «Men özümi nähili alyp barardym? Onuň gowy häsiýetlerine eýerip bilerinmi?» (Ýew. 6:11, 12). «Hudaýa gullugymyzyň» indiki sanlarynda Ýehowanyň beýleki wepaly pygamberlerinden näme öwrenip bilýändigimize serederis.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş