Sefanýa pygamberden görelde alyň
1. Sefanýa pygamber bize nähili görelde galdyrdy?
1 B. e. öň ýedinji asyryň ortalarynda Ýahuda ýurdunda Baala sežde etmeklik giňden ýaýrapdy. Zalym patyşa Amon öldürilenden soň, onuň ýerine ýaş patyşa Ýoşiýa tagta çykýar (2 Ýyl. 33:21—34:1). Şol döwürde Ýehowa Sefanýa pygambere höküm habaryny yglan etmegi tabşyrdy. Sefanýa Ýahuda patyşalygynyň neslinden bolandygyna garamazdan, ýehudy dini ýolbaşçylaryna Ýehowanyň hökümini yglan etdi (Sef. 1:1; 3:1—4). Biz hem Sefanýanyň batyrgaýlygyndan görelde almaga jan edýäris we garyndaşlyk gatnaşyklarynyň Ýehowa edýän seždämize täsir etmegine ýol bermeýäris (Mat. 10:34—37). Sefanýa pygamber nähili habary yglan etdi we netijesi nähili boldy?
2. Biz Ýehowanyň höküm güni halas bolar ýaly näme etmeli?
2 Ýehowany agtaryň. Höküm güni diňe Ýehowa adamlary halas edip bilýär. Şol sebäpli Sefanýa Ýahudanyň ýaşaýjylaryny halas bolmak üçin Ýehowany, dogrulygy we kiçigöwünliligi agtarmaga höweslendirdi (Sef. 2:2, 3). Şu günler biz hem Sefanýa pygamber ýaly adamlary Ýehowany agtarmaga höweslendirýäris. Emma biz hiç haçan «Ýehowadan ýüz öwren» adamlara meňzemeli däl (Sef. 1:6). Gaýtam, biz Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip we Ýehowadan görkezme diläp, ony agtarmagy dowam etmeli. Biz ahlak taýdan arassa ýaşamak bilen hem Ýehowany agtarýarys. Şeýle-de Ýehowanyň guramasy arkaly berýän görkezmesine ýürekden tabyn bolup we olara höwes bilen eýerip, kiçigöwünli bolmaga çalyşýarys.
3. Biz gullugymyza näme üçin dogry garaýyşda bolmaly?
3 Gowy netijeler. Sefanýanyň höküm habaryna käbir ýehudylar, esasan-da, ýaşlygyndan Ýehowany agtaran Ýoşyýa gowy seslendi. Ýoşyýa Ýahudadaky ähli ýalan butlary ýok etdi (2 Ýyl. 34:2—5). Şu günlerem Patyşalyk tohumynyň käbiri ýoluň kenaryna, daşlyk ýere, tikenleriň arasyna düşýär, käbirleri bolsa gowy topraga düşýär we hasyl berýär (Mat. 13:18—23). Biz Patyşalyk habaryny ýaýratmagy dowam etsek, Ýehowanyň edýän tagallamyzy patalajakdygyna ynanyp bileris (Zeb. 126:6).
4. Biz näme üçin Ýehowa sabyrly garaşmaly?
4 Ýahudanyň ýaşaýjylarynyň käbiri Ýehowa hiç haçan hökümini amala aşyrmaz öýdýärdiler. Emma Ýehowa beýik gününiň ýakyndygyny hemmelere aýdypdy (Sef. 1:12, 14). Diňe Ýehowa bil baglaýan adamlar halas bolar (Sef. 3:12, 17). Biz Ýehowa sabyrly garaşsak, dogan-uýalar bilen bilelikde beýik Hudaýymyza gulluk etmekden şatlyk taparys! (Sef. 3:8, 9).