«Oňat zadyňyz» bilen paýlaşyp, myhmansöýer boluň (Mat. 12:35a)
Biziň ählimiz «myhmansöýer bolmaga» jan edip, «oňat zadymyzy» başgalar bilen paýlaşmak isleýäris (Rim. 12:13). Ýaşulular ýygnaga nutuk bilen çykyş etmäge gelen doganlary myhman alynmagynyň we ýol çykdajylarynyň tölenmeginiň aladasyny edýärler. Emma biz ýagdaýymyzyň bolmandygy we öýümizde amatly şertleriň ýokdugy sebäpli alada edip, myhman çagyrmaga çekinýändiris. Biz Isanyň Marta beren maslahatyna eýersek, alada etmeris (Luka 10:39—42). Ol myhmansöýerligiň «oňat paýyny» belläp geçdi. Bu gowy nahar taýýarlap, öýi bezemek däl-de, gowy gürrüňdeşlik etmegi we ruhlanmagy aňladýar. Biz bu maslahata eýersek, Hudaýyň Sözüne görä, «oňat zadymyzy» dogan-uýalar bilen paýlaşarys (3 Ýahýa 5—8).