Wagyz üçin teklip
◼ «Biz adamlar bilen gürrüňdeş bolup, şeýle sorag berýäris: „Siz Mukaddes Ýazgylara nähili garaýarsyňyz?“ (Jogap bersin). (Soragyň jogabyny 2 Timoteos 3:16-dan görkeziň). Adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylaryň şu soraglara jogap berýändigini bilmeýärler. («Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 6-njy sahypasyndaky soraglary görkeziň). Bu kitapda Mukaddes Ýazgylaryňyzdan soraglara jogap tapyp bolýandygy düşündirilýär». Soňra ony gyzyklandyran soragyň esasynda gürrüňi dowam ediň.
◼ «Köp adamlar maşgalada bolýan kynçylyklar barada biynjalyk bolýandygy sebäpli biz adamlar bilen gysgaça gürrüň edýäris. Öňler ata-eneler çagalaryna terbiýe berýärdi. Emma häzir käbir adamlar muňa düýbünden başgaça garaýar. Siziň pikiriňizçe, ata-eneler çagalaryna terbiýe bermelimi? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda terbiýe bermegiň wajypdygy aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 29:17-ni ýa-da Efesliler 6:4-i okaň). Bu kitapda Mukaddes Ýazgylaryň esasynda nädip terbiýe berip bolýandygy düşündirilýär». Soňra «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 14-nji babynyň 17—19-njy abzaslary esasynda gürrüňi dowam ediň.