Wagyz üçin teklip
◼ «Siz Ýehowanyň Şaýatlarynyň adynyň nireden dörändigi barada oýlanypmydyňyz? (Jogap bersin). Bu soragyň jogaby Hudaýyň Sözünde bar (Zebur 8:1-i okaň). Biz Ýehowanyň Şaýatlary hökmünde Hudaý we onuň adamlar üçin niýeti barada gürrüň berýäris. Şu broşýurada biz we Hudaý barada dogry düşündiriliş bar». Soňra «Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär» diýen broşýuranyň 2-nji sapagyna esaslanyp, gürrüňdeşligi dowam et.
◼ «Adamlaryň köpüsi ýaşamak üçin puluň gerekdigine düşünýärler. Ýöne baýlyga kowalaşmagyň howpludygy barada näme pikir edýärsiňiz? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda nähili duýduryşyň bardygyna üns beriň (1 Timoteos 6:9-y okaň). Bu broşýurada pula dogry garaýyşda bolmagyň wajypdygy düşündirilýär». Soňra «Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler» diýen broşýuranyň 4-nji bölümine esaslanyp, gürrüňdeşligi dowam et.