Ökdelik bilen öwretmek üçin öňünden taýýarlyk görüň
Ebedi ýaşaýşy nädip miras almalydygy barada Isadan iki gezek soranlarynda, ol her saparam adamyň ýagdaýyny göz öňüne tutup jogap berdi (Luka 10:25—28; 18:18—20). Elbetde, biz Mukaddes Ýazgylar okuwynda geçjek temamyzy gowy bilýändiris, ýöne şonda-da gyzyklanýan adamyň ýagdaýyny göz öňüne tutup taýýarlyk görsek gowy bolar. Oňa haýsy taglymata düşünmek ýa-da kabul etmek kyn bolarka? Getirilen aýatlaryň haýsysyny okamaly? Sapagy näçeräk geçmeli? Şeýle-de biz adama tema gowy düşünmäge kömek etmek üçin bir mysaly we goşmaça soraglary taýýarlap, ony nädip gowy düşündirip biljekdigimiz hakda oýlanyp bileris. Adamlaryň ýüregine ekilen hakykat tohumyny Ýehowa ösdürýär. Şol sebäpli biz okuwa taýýarlyk görmek we okuw geçýän adamyň ruhy taýdan ösmegi üçin edýän tagallamyza Ýehowanyň pata bermegini dilemeli (1 Kor. 3:6; Ýakup 1:5).