HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 1—6
«Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla»
Ýehowa biziň doly bil baglamagymyza mynasypdyr. Onuň adynyň manysy ähli wadalaryny hökman berjaý etjekdigine ynamymyzy berkidýär. Doga etmek — Ýehowa bil baglamaga kömek edýän wajyp zatlaryň biri. Süleýmanyň tymsallarynyň 3-nji babyndan, biz Ýehowa bil baglasak, onuň «ýodalarymyzy dogrulap» bereket berjekdigini bilýäris.
Öz gözüne akyldar görünýän adam . . .
- Ýehowadan görkezme soraman karara gelýär. 
- özüne ýa-da dünýäniň garaýşyna bil baglaýar. 
Ýehowa bil baglaýan adam . . .
- Mukaddes Ýazgylary okap, oýlanyp hem-de doga edip, onuň bilen dostlugyny berkidýär. 
- karara gelende, Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlary hakda gözleg geçirip, Hudaýyň görkezmesini agtarýar. 
| BIRINJIDEN: Öz dogry hasaplaýan usulymy saýlaryn. | BIRINJIDEN: Doga edip hem-de şahsy okuwyny geçirip, Ýehowanyň görkezmesini agtararyn. | 
| IKINJIDEN: Ýehowadan gelen kararymyň üstünlik getirmegini dilärin. | IKINJIDEN: Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlar esasynda karara gelerin. |