Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb17 Iýun sah. 7
  • Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşaň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • Meňzeş maglumat
  • Sowally bukja
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Geýnişiň we daş keşbiň bilen Hudaýy şöhratlandyr
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Siziň egin-eşigiňiz Hudaýy şöhratlandyýarmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Sizde «etden bolan ýürek» barmy?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
mwb17 Iýun sah. 7

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşaň

Ýehowa Hudaý adamlar üçin ahlak kadalaryny goýdy. Meselem, ol ilkinji maşgalany döredende erkek bilen aýalyň hemişe bile bolmalydygyny aýtdy (Mt 19:4—6, 9). Ol ähli ahlaksyz işleri ýazgarýar (1Kr 6:9, 10). Ýehowa gullukçylaryna hatda egin-eşik we daş keşp barada hem görkezme berýär (Kant 22:5; 1Tm 2:9, 10).

Şu günler köp adamlar Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýarlar (Rm 1:18—32). Olar egin-eşik, daş keşp we özüňi alyp barmak meselesinde köpçüligiň yzyna eýerýärler. Köp adamlar edýän erbet işleri bilen öwnüp, Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýan adamlary ýazgarýarlar (1Pt 4:3, 4).

Biz Ýehowanyň Şaýatlary! Şol sebäpli Hudaýyň ahlak kadalary boýunça ýaşamaga çekinmeli däl (Rm 12:9). Munuň üçin biz Hudaýa ýaraýan zatlary açyk aýtmaly. Emma, ilki bilen, biziň özümiz onuň kada-kanunlary boýunça ýaşamaly. Meselem, biz egin-eşik saýlamak ýa-da daş keşp babatda özümize şeýle soraglary bermeli: Meniň egin-eşigim we daş keşbim Ýehowanyň kadalaryna eýerýändigimi görkezýärmi ýa-da köpçüligiň yzyna eýerýändigimi? Meniň egin-eşigim we daş keşbim Hudaýyň islegi boýunça ýaşaýan mesihçidigimi görkezýärmi? Şeýle-de biz telegepleşiklere we filmlere seredenimizde özümize şeýle soraglary berip bileris: Şu telegepleşik Ýehowa ýararmy? Bu kimiň ahlak kadalaryna eýermäge höweslendirýär? Dynç almak üçin saýlan zadym meni ahlak taýdan gowşadýarmy? (Zb 101:3). Bu maşgala agzalarymyň ýa-da başgalaryň büdremegine sebäp bolup bilermi? (1Kr 10:31—33).

Näme üçin Ýehowanyň ahlak-kadalary boýunça ýaşamak wajyp? Sebäbi Isa Mesih tizden ähli erbet adamlary we olaryň edýän işlerini ýok eder (Ez 9:4—7). Diňe Hudaýyň islegini ýerine ýetirýän adamlar halas bolarlar (1Ýah 2:15—17). Şol sebäpli, geliň, Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamaga jan edeliň we gowy edim-gylymymyz bilen Hudaýy şöhratlandyralyň (1Pt 2:11, 12).

Bir aýal eşik saýlaýar

Egin-eşik we daş keşp babatda gelýän kararlarymdan ahlak kadalary boýunça ýaşaýandygym görünýärmi?

«ÇAGANY BÄBEKLIKDEN TERBIÝELÄŇ» ATLY MAKALANYŇ ESASYNDA AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak näme üçin paýhasly?

  • Ene-atalar näme üçin çagalaryna kiçilikden Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamagy öwretmeli?

EGER BIRI SIZE: . . . DIÝSE NÄHILI JOGAP BERERDIŇIZ?

  • «Sen gomoseksualizme nähili garaýaň?»

  • «Mukaddes Ýazgylarda gomoseksualizm barada aýdylýanlar häzirki döwre gabat gelmeýär».

  • «Gomoseksuallar garaýşyny üýtgedip bilmeýär; sebäbi şeýle duýgy olarda dogabitdi bolýar».

(yp1 bap 23; yp2 bap 28)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş