MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Sosial ulgamlarynyň duzagyna düşmekden seresap boluň
NÄME ÜÇIN WAJYP? Elektron enjamlary ýaly, sosial ulgamlary hem bize peýda ýa-da zyýan berip bilýär. Käbir mesihçiler sosial ulgamlaryny asla ulanmaýarlar. Käbir dogan-uýalar bolsa, maşgala agzalary ýa-da dost-ýarlary bilen habarlaşmak üçin şeýle ulgamlardan peýdalanýarlar. Emma Iblis biziň abraýymyza we ruhy saglygymyza zyýan ýetirmek isleýär. Şonuň üçin sosial ulgamlaryny paýhassyz ulanmaga iterýär. Howplary görüp we olardan gaça durup biler ýaly, biz Isadan görelde alyp, Hudaýyň Sözündäki prinsiplere eýerip bileris (Lk 4:4, 8, 12).
GAÇA DURUŇ:
Çendenaşa köp ulanmak. Sosial ulgamlaryny köp sagatlap ulansak, ruhy işlere sarp etmeli gymmatly wagtymyzy ogurlap biler.
Ýazgylardaky prinsipler: Ef 5:15, 16; Fp 1:10
Şübheli zatlary görmek. Erbet suratlar pornografiýa görmäge ýa-da ahlaksyzlyga eltip bilýär. Imandan dänip, hakykata garşy gidýänleriň ýazýan zatlaryny okamak ýa-da sosial ulgamyndaky şahsy sahypalaryna girmek imanymyzy gowşadyp biler.
Ýerliksiz zatlary ýazmak ýa-da suratlary goýmak. Adamyň ýüregi hilegärdigi üçin, sosial ulgamynda ýerliksiz zatlary ýazmaga ýa-da suratlary goýmaga iterip biler. Emma bu kimdir biriniň abraýyna ýa-da ruhy saglygyna zyýan ýetirip bilýär.
«SOSIAL ULGAMLARYNY PAÝHASLY ULAN» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU ÝAGDAÝLARDAN NÄDIP GAÇA DURUP BOLÝANDYGY BARADA PIKIR ALŞYŇ: