MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
«Bitaraplygy saklamak näme üçin wajyp?» (Mk 4:2)
Rehimdar samariýaly adam baradaky mysal bize Ýehowanyň hiç kimi ala tutmaýandygyny ýatladýar. Ýehowa biziň «hemme adamlara», ýagny medeniýeti, tire-taýpasy, milleti we dini tapawutlanýanlara hem ýagşylyk etmegimizi isleýär (Gl 6:10; Res 10:34).
«BITARAPLYGY SAKLAMAK NÄME ÜÇIN WAJYP?» (MK 4:2) DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Mika 4:2-däki pygamberligiň şu günler Hudaýyň halkynyň arasynda ýerine ýetýändigini nireden bilýäris?
Bitaraplyk näme we ony saklamak näme üçin wajyp?
Ylham 13:16, 17-nji aýatlara görä syýasy guramalar pikirimize we hereketimize nädip täsir etjek bolýar?
Haýsy üç ýagdaýda bitaraplygymyzy saklamak kyn bolup biler?