On sekizinji bap
«Olar dünýäden däl»
1. a) Isa ölüminiň öň ýanynda näme barada doga etdi? b) «Bu dünýäden» bolmazlyk näme üçin wajypka?
ISA öldüriljek gijesi şägirtleri barada doga etdi. Şeýtanyň olara güýçli hüjüm etjegini bilip, ol Atasyna şeýle diýdi: «Olary dünýäden almagyňy däl-de, ýamanlykdan goramagyňy dileýärin. Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler» (Ýahýa 17:15, 16). Bu dünýäden çetde durmak näme üçin wajypka? Sebäbi bu dünýäniň hökümdary Şeýtan. Mesihçiler bolsa, Şeýtanyň goly astyndaky dünýäden bolasy gelenok (Luka 4:5—8; Ýahýa 14:30; 1 Ýahýa 5:19).
2. Näme üçin Isa bu dünýäden däl diýse bolar?
2 Isanyň bu dünýäden däldigi adamlary söýmeýändigini aňlatmaýar. Gaýtam, ol keselleri sagaldyp, ölüleri direldip, adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berýärdi. Ol hatda adamlar üçin janyny-da gurban etdi. Ýöne Isa Şeýtanyň dünýäsiniň täsiri astyndaky adamlaryň erbet garaýyşlaryny hem işlerini söýenokdy. Ol ahlaksyz höweslerden, baýlyga gyzmakdan we şöhrata kowalaşmakdan gaça durmagy duýdurdy (Matta 5:27, 28; 6:19—21; Luka 20:46, 47). Şonuň üçin Isanyň bu dünýäniň syýasy işlerine goşulmandygy geň galdyrmaýar. Ol ýehudy bolsa-da, rimliler bilen ýehudylaryň arasyndaky dawada hiç kimiň tarapyny tutmady.
«Meniň patyşalygym bu dünýäden däl»
3. a) Ýehudy dini ýolbaşçylary Pilatusyň öňünde Isany nämede aýypladylar? b) Isanyň ýerde patyşa bolmak islemändigi nämeden görünýär?
3 Ýehudy dini ýolbaşçylary Isany tussag edip, Rim hökümdary Pilatusyň öňüne getiren mahaly bolan waka seredeliň. Aslynda, Isa olaryň ikiýüzlüligini paş edipdi. Şonuň üçin olar biynjalykdylar. Olar Rim hökümdaryny Isa garşy öjükdirmek üçin ony şeýle aýypladylar: «Biz bu adamy milletimizi azdyrmakda ýazykly tapdyk. Ol kaýsara salgyt bermäge garşy çykyp, özüne Mesih, ýagny bir patyşa diýýär» (Luka 23:2). Elbetde, olaryň diýýäni ýalandy, sebäbi bir ýyl mundan ozal, halk Isany patyşa etjek bolanda, ol garşy çykdy (Ýahýa 6:15). Ol gelejekde gökde Patyşa boljagyny bilýärdi (Luka 19:11, 12). Onsoňam, ony adamlar däl-de, Ýehowa tagta çykarmalydy.
4. Isa salgyt tölemek barada näme pikir edýärdi?
4 Isa tussag edilmezinden üç gün öň, fariseýler oňa salgyt tölemek barada sowal berip, gepinde tutjak boldular. Emma ol şeýle diýdi: «Maňa bir dinar [rim puluny] görkeziň. Onuň ýüzündäki surat bilen ýazgy kimiňki? Olar: «kaýsaryňky» diýip jogap berdiler. Ol diýdi: «Onda, kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» (Luka 20:20—25).
5. a) Tussag edilende, Isa şägirtlerine nähili görelde görkezdi? b) Isa muny nädip düşündirdi? w) Sud näme bilen gutardy?
5 Elbetde, Isa adamlary dünýewi häkimiýetlere garşy gozgalaňa öjükdirmeýärdi. Esgerler hem-de märeke Isany tutmaga gelende, Petrus gylyjyny çykaryp, bir adamy urup, gulagyny kesdi. Ýöne Isa şeýle diýdi: «Gylyjyňy gynyna sal; çünki gylyç çekenleriň hemmesi gylyjy bilenem öldüriler» (Matta 26:51, 52). Ertesi, Isa Pilatusa muny näme üçin edendigini düşündirip, şeýle diýdi: «Meniň patyşalygym bu dünýäden däl; patyşalygym bu dünýäden bolan bolsa, onda hyzmatkärlerim Meni ýehudylaryň eline berdirmejek bolup göreşerdiler» (Ýahýa 18:36). Pilatus Isada «hiç bir ýazyk tapmandygyny» boýun aldy, emma halkyň zor salyp durany üçin, ony pürse çüýlemäge berdi (Luka 23:13—15; Ýahýa 19:12—16).
Şägirtleri Isanyň göreldesine eýerýärler
6. Irki mesihçiler Şeýtanyň dünýäsiniň täsirinden gaça durup, adamlary söýýändigini nädip görkezdiler?
6 Isanyň şägirtleri bu dünýäden aýry bolmagyň näme aňladýandygyna düşünýärdi. Bu Şeýtanyň dünýäsiniň täsirinden we işlerinden hem-de rim sirklerinde, teatrlarynda bolýan zalymlykdan hem ahlaksyzlykdan gaça durmagy aňladýardy. Şu zatlardan gaça durýandygy üçin mesihçilere «ynsan nesliniň ýigrenýänler» diýýärdiler. Emma olar ýakynlaryny ýigrenmän, gaýtam, bar güýji bilen adamlary halas etjek bolup, Hudaýyň ýoluny öwredýärdiler.
7. a) Irki mesihçiler bu dünýäden däldigi üçin nämä duş geldiler? b) Olar häkimiýetlere nähili garaýardylar, salgyt tölemek barada nähili pikirdediler we näme üçin?
7 Isa azar berişleri ýaly, onuň şägirtlerine-de azar berdiler we hökümet olary köplenç nädogry maglumatyň esasynda yzarlaýardy. Muňa garamazdan, takmynan b. e. 56-njy ýylynda Pawlus resul Rimdäki mesihçilere: «Ýokary häkimiýetlere [hökümdarlara] tabyn boluň; çünki Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur» diýip, hat ýazdy. Bu sözler Ýehowa dünýewi hökümetleri belleýär diýmek däldir, ýöne Hudaýyň Patyşalygy, ýagny bir hökümet bütin ýeriň üstünden höküm sürýänçä, olara ýol berýär. Şonuň üçin-de, Pawlus mesihçilere dünýewi hökümetlere hormat goýup, olara salgyt töläň diýdi (Rimliler 13:1—7; Titus 3:1, 2).
8. a) Mesihçiler ýokary häkimiýetlere nähili boýun bolmaly? b) Irki mesihçiler Isanyň göreldesine nädip eýerýärdiler?
8 Emma häkimiýetlere bütinleý däl-de, belli bir derejede boýun bolmaly. Adamyň çykaran kanuny Ýehowanyň kanunyna garşy bolsa, Hudaýyň gullukçylary Ýehowanyň kanunyna boýun bolmaly. Bir taryhy kitapda mesihçiler barada şeýle diýilýär: «Mesihçiler rim graždanyndan talap edilýän käbir borçlary ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýardylar. Harby gulluga gitmek, mesihçiler üçin imanyňy satmakdy. Olar syýasy wezipelerde oturmaýardylar, imperatora-da sežde etmeýärdiler» (On the Road to Civilization - A World History). Ýahudanyň ýokary sudy wagyz etmäň diýip, «berk tabşyranda», olar: «Adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmaly» diýip jogap berdiler (Resullaryň işleri 5:27—29).
9. a) B. e. 66-njy ýylynda Iýerusalimdäki mesihçiler näme üçin ýokarda aýdylyşy ýaly etdiler? b) Olaryň göreldesiniň bize näme peýdasy bar?
9 Syýasy hem harby dawalarda Isanyň şägirtleri doly bitaraplygy saklaýardy. B. e. 66-njy ýylynda ýehudylar kaýsara garşy gozgalaň turuzdylar. Rim goşuny Iýerusalimi basym gabady. Şäherdäki mesihçiler şol wagt näme etdiler? Isanyň Iýerusalimden gaçyň diýen sözleri olaryň ýadyndady. Rimliler wagtlaýynça yza çekilende, mesihçiler Iordanyň daglyk ýerindäki Pella şäherine gaçdylar (Luka 21:20—24). Olaryň bitaraplygy ähli wepaly mesihçiler üçin şu güne çenli ajaýyp görelde bolup durýar.
Soňky günlerde Isanyň şägirtleri bitarap bolmaly
10. a) Ýehowanyň Güwäçileri näme bilen meşgul we näme üçin? b) Olar nämede bitaraplygy saklaýarlar?
10 Şu soňky günlerde irki mesihçileriň göreldesine eýerip, doly bitaraplygy saklaýan toparyň bardygy barada taryhy deliller barmy? Hawa, Ýehowanyň Güwäçileri hemişe bitarapdy. Olar dogrulygy söýýän adamlara diňe Hudaýyň Patyşalygy hemişe parahatçylyk, abadançylyk hem bagt getirer diýip, ýadaman şu güne çenli wagyz edýärler (Matta 24:14). Halklaryň arasyndaky dawalarda-da Ýehowanyň Güwäçileri doly bitaraplygy saklaýarlar.
11. a) Ýehowanyň Güwäçileriniň bitaraplygy dini ýolbaşçylaryňkydan nähili tapawutlanýar? b) Ýehowanyň Güwäçileri başga adamlaryň syýasata goşulmagyna nähili garaýar?
11 Ýehowanyň Güwäçilerinden tapawutlylykda, bu dünýäniň dini ýolbaşçylar syýasy işlere aktiw gatnaşýarlar. Käbir ýurtlarda dini ýolbaşçylar bir syýasatçyny goldap ýa oňa garşy çykyp, saýlawyň öň ýanyndaky geçirilýän işlere gatnaşýarlar. Hatda käbir dini ýolbaşçylar syýasy wezipeleri-de eýeleýärler. Käbirleri bolsa, dini ýolbaşçylaryň makullaýan programmasyny syýasatçylara kabul etdirjek bolýarlar. Emma Ýehowanyň Güwäçileri syýasata goşulanok. Ýöne olar başga adamlara partiýa girmäge, syýasy wezipe eýelemäge ýa-da saýlawlara gatnaşmaga päsgel bermeýär. Isa meniň şägirtlerim bu dünýäden däl diýeni üçin Ýehowanyň Güwäçileri syýasata goşulanok.
12. Bu dünýäniň dinleriniň bitaraplygy saklamaýanlygy nämä eltdi?
12 Isanyň öňünden aýdyşy ýaly, halklar öz aralarynda uruşmagyny bes edenoklar. Üstesine-de, taryhda graždanlyk urşy kän bolup geçdi (Matta 24:3, 6, 7). Dini ýolbaşçylar hemişe diýen ýaly dawada bir tarapy tutup, şol dine uýýanlary-da şeýle etmäge çagyrýardylar. Bu nämä eltdi? Diňe milleti ýa taýpasy başga bolany üçin bir dindäki adamlar biri-birini öldürýärler. Bu Hudaýyň islegine düýbünden garşy gelýär (1 Ýahýa 3:10—12; 4:8, 20).
13. Ýehowanyň Güwäçileriniň bitaraplygy barada nähili deliller bar?
13 Emma Ýehowanyň Güwäçileri hiç hili dawa asla goşulmaýar. 1939-njy ýylyň 1-nji noýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Rebbiň tarapynda duran adamlaryň ählisi halklaryň arasyndaky uruşda bitaraplygy saklar». Ýehowanyň Güwäçileri hemişekisi ýaly ähli ýurtlarda, islendik ýagdaýda şeýle garaýyşly bolarlar. Olar bu dünýäniň duşmançylyk döredýän syýasatyna we uruşlaryna halkara doganlygyny bozmaga ýol bermez. Olar «gylyçlaryndan azallar, naýzalaryndan oraklar ýasaýarlar». Bitarap bolup, olar uruşmagy öwrenmeýär (Işaýa 2:3, 4; 2 Korintoslylar 10:3, 4).
14. Bu dünýäden däldigi üçin Ýehowanyň Güwäçileri nämä duşdular?
14 Ýehowanyň Güwäçileriniň bitaraplygy saklamagy nämä eltdi? Isa şeýle diýdi: «Dünýäden däldigiňiz üçin, ine, şonuň üçin dünýä sizi ýigrenýär» (Ýahýa 15:19). Hudaýa gulluk edýändigi üçin Ýehowanyň Güwäçileriniň köpüsini türmä basdylar. Olaryň käbirini birinji asyrdaky mesihçiler ýaly gynadylar, hatda öldürdilerem. Sebäbi «bu dünýäniň taňrysy» Şeýtan Ýehowanyň Güwäçilerine dünýäniň işlerine goşulmaýanlygy üçin garşylyk görkezýär (2 Korintoslylar 4:4; Ylham 12:12).
15. a) Ähli halklara näme bolar we Ýehowanyň Güwäçileri nämeden gaça durmaga jan edýärler? b) Bu dünýäden aýry bolmak näme üçin wajyp?
15 Ýehowanyň gullukçylary bu dünýäden däldigine örän begenýärler, sebäbi Armageddonda dünýäniň ähli halklarynyň soňy geler (Daniýel 2:44; Ylham 16:14, 16; 19:11—21). Ýöne bize hiç zat bolmaz, sebäbi biz bu dünýäden däl. Biz agzybir halk bolup Hudaýyň gökdäki Patyşalygyna wepaly. Dogry, bu dünýäden däldigimiz üçin üstümizden gülýärler hem-de yzarlaýarlar. Ýöne bu zatlar tiz wagtdan gutarar, çünki Şeýtanyň zalym dünýäsi hemişelik ýok bolar. Ýehowa gulluk edýän adamlar bolsa, Hudaýyň Patyşalygynyň adalatly täze dünýäsinde ebedi ýaşarlar (2 Petrus 3:10—13; 1 Ýahýa 2:15—17).
Gaýtalamak üçin soraglar
• Isa bu dünýäden aýry bolmagyň nämedigini nädip görkezdi?
• Irki mesihçiler a) bu dünýäniň täsiri barada; b) dünýädäki hökümdarlar barada; w) salgyt tölemek barada nähili pikirdediler?
• Ýehowanyň häzirki Güwäçileriniň bitaraplygy saklaýanlygy nämeden görünýär?
[165-nji sahypadaky surat]
Isa özüniň we şägirtleriniň «bu dünýäden däldigini» düşündirdi