HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 12, 13
«Siz köp serçelerden-de has gymmatlysyňyz»
Luka 12:6, 7-nji aýatlardaky Isanyň sözleriniň kontekstinde näme diýilýär? 4-nji aýatda Isa şägirtlerine özlerine garşy çykjak ýa-da öldürjek adamlardan gorkmaly däldigini aýtdy. Ol şägirtlerini öňünde boljak garşylyklara taýýarlady. Şeýle-de Ýehowanyň her bir gullukçysyny gymmat saýýandygyna we olaryň güýjünden artyk synalmagyna ýol bermejekdigine ynandyrdy.
Yzarlanýan dogan-uýalaryň aladasyny etmekde Ýehowadan nädip görelde alyp bileris?
Imany üçin türmede oturan Ýehowanyň Şaýatlary barada soňky habarlary nireden tapyp bileris?
Näçe dogan-uýa tussag edildi?