MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
«Pawlus... ruhlandy we Hudaýa şükür etdi»
Rimdäki mesihçiler Pawlusyň gelendigini eşidende, 64 km ýol geçip, ony garşyladylar. Olaryň janyny aýaman bildiren söýgüsi Pawlusa nähili täsir etdi? «Pawlus olary görüp ruhlandy we Hudaýa şükür etdi» (Res 28:15). Pawlus resul ýygnaklary idände ruhlandyrýardy, ýöne bu gezek tussaglykdaka, onuň özi ruhlanýar (2Kr 13:10).
Şu günler etrap gözegçileri dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin ýygnaklara aýlanýar. Hudaýyň başga gullukçylary ýaly, käte olar hem ýadaýar, biynjalyk bolýar we ruhdan düşýär. Etrap gözegçisi we aýaly ýygnagyňyzy idände, olar batyrgaýlyk bilen dogan-uýalary «ruhlandyrar ýaly» siz näme edip bilersiňiz? (Rm 1:11, 12).
Wagyz duşuşyklaryna gatnaşyň. Etrap gözegçisi gelende, wagyzçylar hepdäniň dowamynda geçirilýän ähli duşuşyklara gatnaşsalar, ol ruhlanýar (1Sl 1:2, 3; 2:20). Şol aýda dogan-uýalar kömekçi pioner bolup gulluk edip bilýär. Siz etrap gözegçisini we aýalyny wagza ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyňyza çagyryp bilersiňizmi? Olar täze we tejribesi az wagyzçylar bilen hem gulluk edip şatlanýarlar.
Myhmansöýer boluň. Siz olary öýüňize myhman alyp ýa-da nahara çagyryp bilersiňizmi? Şonda etrap gözegçisi bilen aýalyny söýýändigiňizi görkezersiňiz. Olar köp zada garaşmaýar (Lk 10:38—42).
Onuň görkezmesini, maslahatyny diňläň we ýerine ýetiriň. Etrap gözegçisi ökdelik bilen wagyz eder ýaly, söýgi bilen kömek edýär. Käte ol bize berk käýinç bermegi mümkin (1Kr 5:1—5). Biz gulak asyp, tabyn bolanymyzda, ol begenýär (Ýew 13:17).
Minnetdarlyk bildiriň. Etrap gözegçisi bilen aýalyna olaryň edýän tagallasynyň size kömek edendigini aýdyň. Siz olaryň özüne ýa-da hat arkaly minnetdarlyk bildirip bilersiňiz (Kl 3:15).