HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 KORINFLILER 7—10
Imandaşlarymyza kömek edip, gulluk edýäris
Mesihçiler gullugyň iki görnüşine — «ýaraşdyrma gullugyna», ýagny wagyz etmek we öwretmek işine hem-de imandaşlarymyza «kömek etmek» gullugyna gatnaşýarlar (2Kr 5:18—20; 8:4). Şol sebäpli imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek mukaddes gulluk hasaplanýar. Biz bu gulluga gatnaşanymyzda,
dogan-uýalarymyzyň zerurlyklaryny kanagatlandyrýarys (2Kr 9:12a).
ejir çekenler Ýehowa minnetdarlyk bildirer ýaly, olara gün tertibini düzmek üçin şahsy okuw geçirmäge, duşuşyklara gatnaşmaga, yhlasly wagyz etmäge kömek edýäris (2Kr 9:12b).
Ýehowany şöhratlandyrýarys (2Kr 9:13). Imandaşlarymyza kömek edip, hemmelere, Ýehowanyň Şaýatlaryna nädogry garaýyşdaky adamlara-da güwälik edýäris.