MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Karib adalaryndaky mesihçilere kömek edýäris
I asyrdaky ýaly, biz hem betbagtçylyga uçran dogan-uýalarymyza söýgimizi görkezýäris (Ýah 13:34, 35). «Söýgimizi iş ýüzünde görkezýäris. Karib adalarynda harasatlardan ejir çekenlere kömek edýäris» atly wideony göreniňizde, Karib adalaryndaky dogan-uýalara mesihçileriň nädip kömek edendigine üns beriň, soňra şu soraglara jogap beriň:
«Irma» we «Mariýa» harasaty Karib adalaryndaky dogan-uýalara nähili täsir etdi?
Ýehowa Karib adalaryndaky dogan-uýalara imandaşlarymyz arkaly nädip kömek etdi?
Imandaşlarymyzyň görkezen çäksiz söýgüsi we jomartlygy harasatdan ejir çekenlere nähili täsir etdi?
Karib adalarynda betbagtçylyga uçranlara kömek etmäge näçe dogan-uýa gatnaşdy?
Her birimiz betbagtçylyga uçranlara nädip kömek edip bileris?
Söýgüsini iş ýüzünde görkezýän gurama degişlidigiňiz üçin bu wideo sizde nähili täsir galdyrdy?