Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb23 Mart sah. 3
  • Betbagtçylykdan ejir çekenlere nädip kömek etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Betbagtçylykdan ejir çekenlere nädip kömek etmeli?
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň Şaýatlary tebigy betbagtçylyga uçranlara kömek edýärmi?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
  • Imandaşlarymyza gerekli kömegi berip, Ýehowa gulluk edýäris
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Biz nädip kömek edip bileris?
    Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Biz betbagtçylyga uçran dogan-uýalara nädip kömek edýäris?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
mwb23 Mart sah. 3

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Betbagtçylykdan ejir çekenlere nädip kömek etmeli?

Şu günler tebigy betbagtçylyklar gitdigiçe köpelýär. Betbagtçylykda kömek etmek üçin guramaçylykly hereket etmeli. Şol sebäpli Ýolbaşçylyk maslahaty her filialda Betbagtçylykda kömek edýän bölümi döretdi.

Şol bölümdäki doganlar betbagtçylyk barada eşidende, dessine şol ýerdäki ýaşulular bilen habarlaşýarlar. Olar dogan-uýalara nähili kömegiň gerekdigini anyklaýarlar. Eger wagyzçylar uly zyýan çeken bolsalar, filial olara kömek etmek üçin jogapkär doganlary belleýär. Bellenen doganlar filialdan meýletinçileri ibermegi haýyş edip biler. Şeýle-de dogan-uýalar üçin gerek-ýarak zatlary sorap ýa-da satyn alyp biler.

Betbagtçylyk bolanda guramaçylykly hereket etmegiň köp peýdasy bar. Ýöne dogan-uýalar guramanyň görkezmesi bilen däl-de, özbaşdak kömek etseler, artykmaç pullaryň sowulmagy, köp wagtyňy hem güýjüňi almagy, hatda düşünişmezligiň döremegi mümkin.

Käbirleri betbagtçylykdan ejir çekenlere kömek etjek bolup başgalardan pul ýygnamak, gerek zatlary ibermek we betbagtçylyk bolan ýere barmak isleýär. Emma doganlaryň görkezmesi bolmasa, muny etmesiňiz gowy bolar. Dogan-uýalara kömek etmek üçin näçeräk puluň gerekdigini we näçe meýletinçiniň kömek edip biljekdigini filial tarapyndan bellenen doganlar anyklaýar. Şeýle-de olar dogan-uýalary goldamak üçin hökümet işgärleri bilen işleşip bilerler.

Biz dogan-uýalary ýürekden söýýäris, şonuň üçin betbagtçylyk bolanda olara elimizden gelen kömegi bermek isleýäris (Ýew 13:16). Muny nädip edip bileris? Biz ejir çeken imandaşlarymyz we olara kömek edýänler üçin Ýehowa doga edip bileris. Şeýle-de pul sadakalaryny berip, olary goldap bileris. Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesi bilen, filialda gulluk edýän doganlar ähli zady göz öňünde tutup, berilýän pullary ýerlikli harçlaýarlar. Eger el kömegini bermek isleseňiz, filialyň Taslama we gurluşyk bölüminiň meýletinçileri üçin arzany (DC-50) dolduryp bilersiňiz.

«BRAZILIÝADA BOLAN SIL» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGA JOGAP BERIŇ:

«Braziliýada bolan sil» diýen wideodan surat. Jaýlary we agaçlary suw basypdyr.

2020-nji ýylda Braziliýada bolan silde dogan-uýalaryň kömek edişi size nähili täsir etdi?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş