MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Göwün açma saýlanyňyzda paýhasly boluň
Göwün açma saýlanymyzda näme üçin paýhasly bolmaly? Sebäbi göwün açmak üçin saýlaýan filmlerimiz, aýdym-sazlarymyz, web-saýtlar ýa-da wideooýunlar aňymyza we özümizi alyp barşymyza güýçli täsir edýär. Gynansak-da, häzirki göwün açmalaryň köpüsinde Ýehowanyň ýazgarýan zatlary bar (Zb 11:5; Gl 5:19—21). Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda Ýehowany şöhratlandyrýan zatlar hakda oýlanmalydygymyz aýdylýar (Fp 4:8).
«DYNÇ ALŞYŇ HAÝSY GÖRNÜŞINI SAÝLAMALY?» ATLY WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
- Gadymy Rimdäki gladiator söweşleriniň häzirki käbir göwün açmalar bilen näme meňzeşligi bar? 
- Ýaşlara göwün açmany paýhasly saýlamaga dogan-uýalar nädip kömek edip biler? 
- Rimliler 12:9-a görä göwün açmany nädip saýlamaly? 
- Ýaşaýan ýeriňizde nähili peýdaly göwün açmalar bar?