MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowa bize nämäniň gerekdigini gowy bilýär
Ýehowa wepaly hem paýhasly hyzmatkär arkaly «wagtly-wagtynda nahar paýlarymyzy» berýär, sebäbi ol bize ruhy taýdan nämäniň gerekdigini gowy bilýär (Mat 24:45). Kongreslerimizde we ýygnak duşuşyklarymyzda muňa doly göz ýetirýäris.
«OKUW KOMITETINIŇ HASABATY. 2017» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Kongreslerimiz üçin kimi şöhratlandyrmaly we näme üçin?
Kongreslere haçan taýýarlyk görlüp başlanýar?
Kongresiň temasy nädip saýlanýar?
Kongreslere nädip taýýarlyk görülýär?
«Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygynyň Gilead mekdebi bilen näme meňzeşligi bar?
«Mesihçileriň durmuşy we wagzy» okuw depderini taýýarlamaga haýsy bölümler gatnaşýar?
Sen Ýehowanyň berýän ruhy iýmitlerini gymmat saýýarsyňmy?