Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb21 Ýanwar sah. 7
  • Kongresler söýgiňi bildirmäge mümkinçilik berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Kongresler söýgiňi bildirmäge mümkinçilik berýär
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa şadyýan halkyny ýygnaýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowa bize nämäniň gerekdigini gowy bilýär
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
mwb21 Ýanwar sah. 7

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Kongresler söýgiňi bildirmäge mümkinçilik berýär

Dürli medeniýetden bolan dogan-uýalar halkara kongresinde bile surata düşüp durlar.

Kongresler bize näme üçin köp şatlyk berýär? Gadymy ysraýyl halkynda bolşy ýaly, şu günler hem kongresler ýüzlerçe, müňlerçe imandaşlarymyz bilen bilelikde Ýehowa sežde etmäge mümkinçilik berýär. Biz bolluk bilen berilýän ruhy iýmitlerden lezzet alýarys. Şeýle-de dost-ýarlarymyz, maşgalamyz bilen wagt geçirip, şatlanýarys. Biz kongresiň üç gününe-de höwes bilen gatnaşmak isleýäris.

Kongrese baranymyzda, diňe özümize berýän peýdasy hakda oýlanman, başgalara nädip söýgimizi bildirip biljekdigimiz hakda hem pikirlenip bileris (Gal 6:10; Ýew 10:24, 25). Meselem, dogan-uýalara gapyny açyp bersek ýa-da özümize gereginden artyk ýerleri tutmasak, başgalaryň peýdasyny gözleýändigimizi görkezeris (Flp 2:3, 4). Kongersler täze dostlary edinmäge-de gowy mümkinçilik berýär. Kongresden öň ýa-da soň, şeýle-de arakesme wagty tanamaýan adamlaryňyz bilen ýakyndan tanyşjak boluň (2Kr 6:13). Şeýle dostluk bütin ömrüňe dowam edip bilýär! Has wajyby bolsa, bizi synlaýan adamlar aramyzdaky hakyky söýgini görende, biziň bilen bile Ýehowa gulluk etmegi ýüregine düwüp biler (Ýah 13:35).

«HALKARA KONGRESLERI. „SÖÝGI HIÇ HAÇAN GUTARMAZ!“» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • «Halkara kongresleri. „Söýgi hiç haçan gutarmaz!“» diýen wideodan parça. Kongrese gelen myhmanlar we ýerli dogan-uýalar bir-biri bilen mähirli gujaklaşyp, salamlaşýar.

    2019-njy ýylda geçirilen halkara kongreslerine gelenleriň arasyndaky söýgi nädip göründi?

  • «Halkara kongresleri. „Söýgi hiç haçan gutarmaz!“» diýen wideodan parça. Ýerli dogan-uýalar gelen myhmanlar bilen üýşüp surata düşýärler.

    Ýehowanyň halkynyň agzybirligi we aralaryndaky söýgi näme üçin haýran galdyrýar?

  • «Halkara kongresleri. „Söýgi hiç haçan gutarmaz!“» diýen wideodan parça. Koreýaly dogan-uýalar ellerinde «Hoş geldiňiz!» diýen ýazgyny saklap, kongrese gelen adamlara ellerini galgadýar.

    Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary doganlyk söýginiň haýsy aýratynlyklaryny belläp geçdiler?

  • «Halkara kongresleri. „Söýgi hiç haçan gutarmaz!“» diýen wideodan parça. Bir gyzjagaz begenip, ýaňyja alan «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesini» elinde saklap dur.

    Kongreslerde söýginiň bolmagyna sen nädip goşant goşup bilersiň?

    Germaniýada we Günorta Koreýada mesihçileriň söýgüsi nädip aýdyň göründi?

  • Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş