MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Aýdymlardan näme öwrenip bilersiňiz?
Siz haýsy aýdymlary halaýarsyňyz? Olary näme üçin gowy görýärsiňiz? Şol aýdymlary gündelik durmuşyňyza degişli hasaplaýarsyňyzmy? Dogrudan-da, aýdymlaryň temasy we hili dürli-dürli bolsa-da, her kim ondan özüne peýda alýar. Emma taýýarlanýan aýdymlar we şekilli aýdymlar ýöne bir göwnüňi açmak üçin çykarylmaýar.
Biz her bir aýdymdan gündelik durmuşymyzda we wagyzda ulanyp biler ýaly, köp peýdaly zatlary öwrenýäris. Mysal üçin, käbir aýdymlarda myhmansöýerlik, agzybirlik, dostluk, batyrgaýlyk, söýgi ýa-da iman hakda aýdylsa, başga aýdymlar Ýehowa dolanmak, bagyşlamak, her gün wepaly bolmak we ruhy maksatlara ymtylmak barada. Hatda käbir aýdymlarda elektron enjamlaryny dogry ulanmak hem öwredilýär. Siz aýdymlardan ýene näme öwrendiňiz?
«TÄZE DÜNÝÄ ÝAKYN» DIÝEN ŞEKILLI AÝDYMY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ: