Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb21 Mart sah. 5
  • Ýatlama agşamyna taýýarlanýarsyňyzmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýatlama agşamyna taýýarlanýarsyňyzmy?
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Meňzeş maglumat
  • Kimi çagyrmaly?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • Ýatlama agşamy — Ýehowanyň ýagşylygy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • «Muny meni ýada salmak üçin ediň»
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • «Muny berjaý ediň»
    Hudaýa gullugymyz — 2012
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
mwb21 Mart sah. 5
Petrus bilen Ýahýa çörek we şeraplary stoluň üstüne goýýar.

Petrus bilen Ýahýa b. e. 33-nji ýylynda bir jaýyň ýokarky otagynda Pasha baýramyna taýýarlyk görýär

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýatlama agşamyna taýýarlanýarsyňyzmy?

Isa üçin soňky Pasha baýramy gaty wajypdy. Sebäbi onuň ölümi golaýlap gelýärdi. Isa resullary bilen Pasha naharyny iýensoň, her ýyl belleniljek Halypamyzyň agşam naharyny girizmek isleýärdi. Şol sebäpli ol Petrus bilen Ýahýa baýramçylyk üçin gerek zatlary taýýarlamagy tabşyrýar (Luk 22:7—13; daşky sahypadaky surata serediň). Şol waka bize şu ýylyň 27-nji martynda geçiriljek Ýatlama agşamyna öňünden taýýarlanmagyň wajypdygyny ýatladýar. Ýaşulular Ýatlama agşamynda çykyş etjek nutukçyny, nyşanlary we şuňa meňzeş başga-da zatlary taýýarlaýarlar. Ýöne her birimiz aýratynlykda Ýatlama agşamyna nädip taýýarlanyp bileris?

Ýüregiňizi taýýarlaň. Munuň üçin Mukaddes Kitapdan Ýatlama agşamy hakyndaky aýatlary okap, oýlanmaly. Şol aýatlary «Her günki aýady okalyň» atly broşýuradan tapyp bileris. «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesindäki» B12 goşmaça maglumatdan hem köp zatlary öwrenip bileris (şeýle-de 2020-nji ýylyň aprel aýynyň «Durmuş we wagyz okuw depderine» serediň). Maşgala okuwynda bolsa, «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksinden» ýa-da «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyndan» gözleg geçirip bilersiňiz.

Är-aýal çagalary bilen maşgala okuwynda Ýatlama agşamy barada pikir alyşýar.

Başgalary çagyryň. Ýatlama agşamyna çakylyk kampaniýasyna doly gatnaşyň. Ýatlama agşamyna kimleri çagyryp biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Siz gaýtadan idegleriňizi, öň Mukaddes Kitap okuwyny geçip goýanlary, tanyş-bilişleriňizi ýa-da dogan-garyndaşlaryňyzy çagyryp bilersiňiz. Ýaşulular bolsa, wagyz etmeýän wagyzçylary çagyrmaly. Eger çagyrjak adamyňyz başga ýerde ýaşaýan bolsa, onda saýtymyzdan «BIZ BARADA» diýen ýere basyp, onuň ýaşaýan ýerinde geçiriljek Ýatlama agşamynyň ýerini we wagtyny aýdyp bilersiňiz.

Iki ýaşuly wagyz etmeýän wagyzçyny ideýär we Ýatlama agşamyna çagyrýar.

Biz taýýarlanmak üçin ýene näme edip bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş