Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb22 Ýanwar sah. 13
  • Şamuwel pygamberiň göreldesine eýeriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şamuwel pygamberiň göreldesine eýeriň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
  • Meňzeş maglumat
  • Ol Ýehowanyň huzurynda ösüp ulaldy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ýehowa Şamuwel bilen gepleşdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ol lapykeçlige döz geldi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Şamuwel hemişe Hudaýa ýaraýan işleri edýärdi
    Çagalaryňyza öwrediň
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
mwb22 Ýanwar sah. 13
Suratlar: «Olardan görelde alyň—Şamuwel» diýen wideodan suratlar. 1. Deni. 2. Kiçijik Şamuwel.

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Şamuwel pygamberiň göreldesine eýeriň

Şamuwel pygamber soňky demine çenli Ýehowa wepaly boldy. Aly ruhanynyň ogullary Hopny bilen Pinehas Ýehowa garşy günä etseler-de, kiçijik Şamuwel olara meňzemedi (1Şm 2:22—26). Ol ulalanda-da, Ýehowany razy edip ýaşady. Hudaý hem ony goldaýardy (1Şm 3:19). Şamuwel garran çagynda-da, hatda ogullary Hudaýyň ýolundan ýöremese-de, Ýehowa wepaly gulluk etdi (1Şm 8:1—5).

Şamuweliň durmuşyndan näme öwrenýäris? Ýaşlar, Ýehowa siziň kynçylyklaryňyzy bilýär, ýagdaýyňyza gowy düşünýär. Ol size kömek etmek isleýär (Işa 41:10, 13). Ene-atalar, çagaňyz Ýehowa gulluk etmegini goýan bolsa, Şamuweliň durmuşy hakda oýlanyň. Ol Ýehowa wepaly bolsa-da, ogullary Hudaýyň kada-kanunlaryna eýermedi. Şamuwel ähli zady Ýehowa tabşyrdy. Ol imanyny berkidip, Hudaýy begendirip ýaşady. Gadyrly ene-atalar, sizem wepaly gulluk etseňiz, belki, çagaňyz bir gün Ýehowa dolanar.

«OLARDAN GÖRELDE ALYŇ—ŞAMUWEL» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • «Olardan görelde alyň—Şamuwel» diýen wideodan parça. Kiçijik Şamuwel mukaddes çadyryň howlusynda odun daşaýar.

    Kiçijik Şamuwele haýsy ýagdaýda batyrgaýlyk gerek boldy?

  • «Olardan görelde alyň—Şamuwel» diýen wideodan parça. Deni agasyna ikiýüzli durmuş alyp barýandygyny aýdýar.

    Deni Şamuweliň göreldesine nädip eýerdi?

  • «Olardan görelde alyň—Şamuwel» diýen wideodan parça. Şamuwel garran çagynda.

    Şamuwel garran çagynda nähili görelde galdyrdy?

  • «Olardan görelde alyň—Şamuwel» diýen wideodan parça. Deniniň ene-atasy wagyzdan soň.

    Ýehowa dogruçyl hem batyrgaý gullukçylaryny goldaýar

    Deniniň ene-atasy Şamuweliň göreldesine nädip eýerdi?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş