Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yc sap. 5 sah. 12—13
  • Şamuwel hemişe Hudaýa ýaraýan işleri edýärdi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şamuwel hemişe Hudaýa ýaraýan işleri edýärdi
  • Çagalaryňyza öwrediň
  • Meňzeş maglumat
  • Kiçijik oglan Hudaýa gulluk edýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ol Ýehowanyň huzurynda ösüp ulaldy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ýehowa Şamuwel bilen gepleşdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ol lapykeçlige döz geldi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
Başgalary
Çagalaryňyza öwrediň
yc sap. 5 sah. 12—13

5-NJI SAPAK

Şamuwel hemişe Hudaýa ýaraýan işleri edýärdi

Şamuwel kiçiliginden çadyrda, ýagny adamlaryň Ýehowa barada öwrenmäge barýan ýerinde ýaşap, gulluk edýärdi. Sen Şamuweliň çadyra nädip gelendigini bilýärmiň? Gel, ilki bilen Şamuweliň ejesi Hanna barada bileli.

Hannanyň köp wagtlap çagasy bolmandyr, ýöne ol çagasynyň bolmagyny örän isläpdir. Şol sebäpli ol Ýehowa kömek eder ýaly doga arkaly ýalbarýar. Eger ol ogly bolsa, çadyrda ýaşamaga we işlemäge berjekdigini Hudaýa söz berýär. Ýehowa onuň dogasyny eşidýär we bir ogul berýär. Hanna onuň adyna Şamuwel dakýar. Hanna Ýehowa söz berendigi üçin ogly üç-dört ýaşyndaka, ony Hudaýa gulluk eder ýaly çadyra äkidýär.

Eli çadyrda baş ruhany bolup gulluk edýärdi, ýagny ol adamlara Ýehowa barada bilmäge kömek edýärdi. Onuň iki ogly hem şol ýerde işleýärdi. Ýadyňda bolsa, adamlar çadyrda Hudaý barada öwrenýärdiler we gowy zatlar barada oýlanýardylar. Emma Eliniň ogullary erbet işleri edýärdi. Şamuwel olaryň edýän işlerini görýärdi. Seniň pikiriňçe, Şamuwel hem Eliniň ogullary ýaly erbet işleri etdimi? ~ Ýok, ol ene-atasynyň öwredişi ýaly hemişe Hudaýa ýaraýan işleri edýärdi.

Seniň pikiriňçe, Eli ogullaryna näme etmelidi? ~ Eli olara temmi bermelidi. Ol ogullaryna Hudaýyň öýünde işlemäge rugsat bermeli däldi. Emma Eli beýle etmedi, şol sebäpli Ýehowanyň oňa we ogullaryna gahary geldi. Ýehowa olara jeza berdi.

Kiçijik Şamuwel baş ruhany Eli bilen gürleşýär

Şamuwel Elä Ýehowanyň habaryny aýdýar

Bir gün agşam Şamuwel ýatyrka, kimdir biriniň: «Şamuwel!» diýenini eşidýär. Ol Eliniň ýanyna ylgap baranda, ol: «Men seni çagyrmadym» diýýär. Bu ýagdaý iki gezek gaýtalandy. Üçünji gezekden soň, Eli Şamuwele: «Eger sen ýene-de ses eşitseň, şeýle diý: „Ýehowa, aýdyber, men seni diňleýärin“». Şamuwel onuň aýdyşy ýaly etdi. Soňra Ýehowa Şamuwele şeýle diýdi: «Eliniň ogullarynyň erbet işleri edendikleri üçin olara jeza berjekdigimi oňa aýt». Seniň pikiriňçe, Şamuwele bu habary Elä aýtmak aňsat boldumyka? ~ Ýok, aňsat bolmady. Emma Şamuwel gorksa-da, Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Ýehowa aýdyşy ýaly Eliniň ogullaryny öldürdi, soňra Eli hem öldi.

Şamuwel bize gowy görelde galdyrdy. Ol hatda başga adamlaryň erbet işleri edýändigini görse-de, Hudaýa ýaraýan işleri etdi. Sen şeýle ýagdaýda näme ederdiň? Sen hem Şamuwel ýaly Hudaýa ýaraýan işleri ederdiňmi? Eger sen şeýtseň, Ýehowany we ene-ataňy begendirersiň.

ŞU AÝATLARY OKAŇ

  • 1 Şamuwel 2:22—26; 3:1—21

SORAGLAR:

  • Şamuweliň ejesi Hudaýa näme söz berdi?

  • Şamuwel çadyrda Eliniň ogullarynyň edýän erbet işlerini görende, näme etdi?

  • Ýehowa Şamuwele näme diýdi?

  • Şamuwel bize gowy görelde galdyrdymy?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş