55-NJI HEKAÝA
Kiçijik oglan Hudaýa gulluk edýär
BU OGLANJYK nähili mähirli, şeýle gerek? Onuň ady Samuel. Başyny sypalap duran adam bolsa, Ysraýylyň baş ruhanysy Eli. Samueliň ýanyndakylar kakasy Elkana bilen ejesi Hanna. Olar Samueli Eliniň ýanyna getirdiler.
Samuel takmynan dört-bäş ýaşynda. Emma ol Eli we başga ruhanylar bilen Ýehowanyň çadyrynda ýaşar. Ýöne Elkana bilen Hanna näme üçin kiçijik Samueli Ýehowa gulluk etmäge berýärkä? Gel, bileli.
Mundan birnäçe ýyl öň, Hanna örän gynanypdy. Sebäbi onuň çagasy ýokdy. Ynha, bir gezek Hanna Ýehowanyň çadyryna gelip: «Eý Ýehowa! Meni ýadyňa sal! Eger-de sen maňa ogul berseň, men ony hemişelik saňa gulluk etmäge bererin» diýip doga edýär.
Ýehowa Hannanyň dogasyna jogap berýär. Birnäçe aýdan Samuel atly ogly bolýar. Hanna ogluny gaty söýýärdi, ol entek kiçikä Ýehowa barada öwredip başlaýar. Ol adamsyna: «Samuel biraz ösüp süýtden aýrylandan soň, men ony Ýehowanyň çadyrynda gulluk etmäge bererin» diýýär.
Suratda Elkana bilen Hannanyň Samueli çadyra getiren wagty görkezilipdir. Samuel ata-enesinden gowy terbiýe alandygy üçin, Ýehowanyň çadyrynda gulluk edýänine begenýär. Her ýyl Hanna bilen Elkana Ýehowa sežde etmek we ogluny görmek üçin çadyra gelýärler. Her gezek Hanna Samuel üçin täze ýeňsiz köýnek getirýär.
Ýyllar geçýär. Samuel henizem Ýehowanyň çadyrynda gulluk edýär, ony adamlar hem, Ýehowa hem söýýär. Emma baş ruhany Eliniň ogullary Hofni hem Pinahas erbet adamlardy. Olar köp erbet işleri edýärler we başgalary-da Hudaýyň kanunyny bozdurjak bolýardylar. Eli olary ruhanylyk wezipesinden aýyrmalydy, emma ol aýyrmaýar.
Çadyrda edilýän erbet işleriň hiç biri-de, ýetginjek Samueli Ýehowa gulluk etmekden saklamaýar. Ýehowany ýürekden söýýän adamlar azdy, şonuň üçinem uzak wagtlap Ýehowa hiç kim bilen gürleşmeýär. Samuel biraz ulalanda şeýle waka bolýar.
Samuel çadyrda uklap ýatanda, ony bir ses oýarýar. «Men bärde» diýip, ol Eliniň ýanyna ylgaýar. Ol: «Sen meni çagyrdyňmy? Men bärde» diýýär.
Eli: «Men seni çagyrmadym, git-de ýat» diýýär. Samuel-de ýatmaga gidýär.
Şonda ses ikinji gezek: «Samuel!» diýip çagyrýar. Samuel ýene-de turup, Eliniň ýanyna ylgaýar. Ol: «Sen meni çagyrdyňmy, men bärde» diýýär. Emma Eli: «Oglum, men seni çagyrmadym, git-de ýat» diýýär. Samuel ýene-de ýatmaga gidýär.
Üçünji gezek ses: «Samuel!» diýip çagyrýar. Samuel üçünji gezek Eliniň ýanyna ylgaýar. Ol: «Men bärde, megerem, şu gezeg-ä sen meni çagyransyň» diýýär. Şonda Eli ony Ýehowanyň çagyrandygyna düşünýär. Şonuň üçin Samuele: «Git-de, ýene-de ýat. Eger-de ol seni ýene-de çagyraýsa, onda sen: «Ýehowa, aýdyber, çünki seniň guluň seni diňleýär» diýip jogap ber» diýýär.
Ýehowa ony ýene-de çagyranda, Samuel şeýle hem edýär. Şonda Ýehowa Elini we onuň ogullaryny jezalandyrjakdygyny Samuele aýdýar. Birnäçe wagt geçensoň, filistililer bilen söweşde, Hofni we Pinahas ölýär. Eli bu habary eşidende ýykylýar we boýny oňrulyp ölýär. Şeýdip Ýehowanyň sözi berjaý bolýar.
Samuel ulalanda, Ysraýylyň iň soňky kazysy bolýar. Ol has ulalanda halk Samuele: «Biziň üstümizden höküm sürer ýaly, bize patyşa saýlap ber» diýýär. Samueliň muny edesi gelenok, sebäbi aslynda olaryň patyşasy Ýehowady. Ýöne Ýehowa oňa halka gulak asmagy buýurýar.