4-NJI BÖLÜM
Ysraýylyň ilkinji patyşasyndan, tä Babyl ýesirligine çenli
Ysraýyla ilkinji patyşa edip Saul bellenýär. Ýöne Ýehowa ondan ýüz öwrüp, ýerine Dawudy saýlaýar. Biz Dawut barada köp zat bileris. Entek ýetginjek wagty ol Golýat atly äpet adam bilen söweşdi. Soňra Dawut göriplik eden Saul patyşadan gizlenýär. Onsoň, Abigail Dawudy erbet iş etmekden saklaýar.
Onsoň, biz Dawutdan soň patyşa bolan, ogly Süleýman barada köp zatlar bileris. Ysraýylyň ilkinji üç patyşasynyň hersi 40 ýyllap dolandyrýar. Süleýman ölenden soň, Ysraýyl iki patyşalyga, ýagny demirgazyk we günorta patyşalyga bölünýär.
On taýpaly demirgazyk patyşalygy 257 ýyl höküm sürüp, aşurlylar tarapyndan ýykyldy. Soňra 133 ýyldan iki taýpaly günorta patyşalyk hem ýykyldy. Ysraýyllylar bolsa Babyl ýesirligine äkidildi. Şeýlelikde, DÖRDÜNJI bölüm 510 ýylyň taryhyny öz içine alyp, onda tolgundyryjy wakalar bolar.