Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w20 Fewral sah. 26—30
  • Gowy adamlaryň göreldesi meni ruhy taýdan baý etdi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gowy adamlaryň göreldesi meni ruhy taýdan baý etdi
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • WAGYZ ETMEGI GOWY GÖRÜP BAŞLAÝARYN
  • KWEBEKDE ÝÖRITE PIONER BOLUP GULLUK EDÝÄRIS
  • AÝLANÝAN GÖZEGÇI BOLMAK HORMATYNA EÝE BOLÝARYN
  • ÝATDAN ÇYKMAJAK ÝYL
  • TÄZE BORÇ, TÄZE ÝER
  • Ýürekden gyzyklanyň we bereket alyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Ýehowanyň guramasynda hemişe yhlasly gulluk edýärin
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Kwebekde wagyz işi kanun taýdan resmileşdirilýär
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Elimi gowşatmazlygy ýüregime düwdüm
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
w20 Fewral sah. 26—30

TERJIMEHAL

Gowy adamlaryň göreldesi meni ruhy taýdan baý etdi

LEON KREPAULT GÜRRÜŇ BERDI

Leon Krepault doganyň ýaş wagty.

ÝAŞKAM, wagyz etmäge çekinýärdim. Ýöne wagt geçdigi saýyn, men pikir etmeýän jogapkärçiliklerimi ýerine ýetirmeli boldum. Geliň, men size gorkymy ýeňmäge kömek eden dogan-uýalaryň göreldesi hakda gürrüň bereýin. Olar maňa 58 ýyl doly wagtly gullugymda alýan bereketlerimden şatlyk tapmaga kömek etdi.

Men Kwebek şäherinde dünýä indim. Ýaşaýan ýerimizde fransuz dilinde gürlenilýärdi. Ejem bilen kakam maňa söýgüsini hem mährini siňdirip ulaltdy. Kakam örän ýygra adamdy we okamagy gowy görýärdi. Men bolsa ýazmagy gowy görýärdim we habarçy bolmagy arzuw edýärdim.

12 ýaşymdakam, kakamyň Rudolf Sous atly işgäri dosty bilen öýümize geldi. Olar Ýehowanyň Şaýatlarydy. Men Ýehowanyň Şaýatlary hakda köp bilemokdym we olaryň dini hakda känbir gyzyklanmaýardym. Ýöne olaryň Mukaddes Kitaba esaslanyp berýän anyk jogaplary maňa, şol sanda ene-atama hem güýçli täsir etdi. Şonuň üçin biz Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladyk.

Şol wagtlar men katolik mekdebine gatnaýardym. Men Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymy okuwçylara gürrüň berýärdim. Şol ýerdäki ruhany mugallymlarymyz edýän gürrüňlerimizi eşidipdirler. Aýdýanlarymy Mukaddes Kitabyň esasynda barlamagyň deregine, olaryň biri meni bütin hemmäniň öňünde dönük diýip masgaralady. Bu ýagdaý maňa gaty agyr degse-de, netijesi gowy boldy. Sebäbi men mekdepde öwredilýän dini taglymatlaryň Mukaddes Kitapda aýdylýan zatlara gabat gelmeýändigine göz ýetirdim. Men şol mekdebe gatnamazlyk kararyna geldim. Ene-atamyň makullamagy bilen, men başga mekdebe gatnap başladym.

WAGYZ ETMEGI GOWY GÖRÜP BAŞLAÝARYN

Mukaddes Kitapdan okuw geçsem-de, ruhy taýdan känbir ösmeýärdim. Sebäbi öýden-öýe wagyz etmäge gorkýardym. Köpler Katolik buthanasyna gatnaýardy, buthana wagyz işimize güýçli garşylyk görkezýärdi. Kwebekiň häkimi Moris Dýuplessiniň ybadathana bilen arasy gowudy. Onuň goldamagy bilen, adamlar Şaýatlary ýigrenip, hatda topulýardylaram. Şol wagtlar wagyz etmek üçin bize uly ýürek gerekdi.

Gilead mekdebiniň 9-njy klasynda okan Jon Raý dogan maňa gorkymy ýeňmäge kömek etdi. Ol tejribeli, kiçigöwünli we pespäl dogandy. Ol maňa köp maslahat bererdi. Ýöne men onuň aýdan sözlerinden däl-de, edýän işlerinden köp zady öwrendim. Jon fransuz dilini gowy bilmeýärdi, şonuň üçin men köplenç onuň bilen wagza çykardym we dil öwrenmäge kömek ederdim. Jon bilen işleşmegim maňa hakykata berk ýapyşmaga kömek etdi. Şaýatlar bilen tanşanyma 10 ýyl geçensoň, ýagny 1951-nji ýylyň 26-njy maýynda men suwa çümdürildim.

Leon Krepault dogan Jon Raý we käbir dostlary bilen.

Jon Raý (A) doganyň gowy göreldesi maňa (B) öýden-öýe wagyz etmek gorkymy ýeňmäge kömek etdi

Kwebekdäki ýygnagymyz kiçijik bolsa-da, pioner dogan-uýalar köpdi. Olaryň gowy göreldesi meni pioner bolmaga höweslendirdi. Şol wagtlar biz öýden-öýe wagyz edenimizde, köplenç Mukaddes Kitaby ulanýardyk. Edebiýat bolmansoň, biz aýatlary has gowy ulanmagy öwrendik. Şol sebäpli hakykaty goramak üçin men Mukaddes Kitapdaky aýatlary has gowy ulanmaga çalyşýardym. Emma köp adamlar katolik buthanasynyň makullamadyk Mukaddes Kitabyny okamaýardylar.

1952-nji ýylda men ýygnagymyzdan Simona Patry atly wepaly uýa öýlendim. Biz Monreala göçdük we bir ýyldan gyzymyz Liz dünýä indi. Durmuş gurmazymyzdan biraz wagt öň men pioner gullugymy goýupdym. Ýygnagyň işlerine maşgalamyz bilen köpräk gatnaşar ýaly, sada ýaşamak üçin jan edýärdik.

Şondan 10 ýyl geçende, men ýene-de pioner gullugy barada çynlakaý oýlanyp başladym. 1962-nji ýylda Kanadadaky Beýtelde bir aýlyk ýaşulular üçin Patyşalyk gullugynyň mekdebinde okanymda, Kamil Kuwellet dogan bilen bir otagda ýaşadym. Kamil doganyň maşgalasy bolsada onuň wagza bolan yhlasy, hasam, maňa güýçli täsir etdi. Bile ýaşan döwrümiz ol meni öz ýagdaýym barada oýlanmaga höweslendirýärdi. Şondan birnäçe aý geçende, men ýene-de pioner gullugyna başlap biljekdigime düşündim. Käbir dogan-uýalar gelen kararyma şübhelense-de, men öňe seretmegi ýüregime düwdüm we Ýehowanyň wagyz işine köpräk gatnaşmak üçin edýän tagallamy bolluk bilen patalajakdygyna ynanýardym.

KWEBEKDE ÝÖRITE PIONER BOLUP GULLUK EDÝÄRIS

1964-nji ýylda Simona ikimiz dogduk mekanymyz Kwebekde ýörite pioner bolup gulluk edip başladyk. Şol ýerde birnäçe ýyl bolduk. Şonda wagyz etmek aňsat bolsa-da, barybir adamlar garşylyk görkezýärdiler.

Bir gezek ýekşenbe güni günortan meni Kwebek şäheriniň golaýragyndaky Sent-Mari şäherçesinde tussag etdiler. Polisiýa işgäri meni öýden-öýe rugsatsyz wagyz edenim üçin, türmä basdy. Soňra meni haýbatly Ballargeýon atly kazynyň öňüne getirdiler. Ol meniň aklawjymyň kimdigini sorady. Men Ýehowanyň Şaýady bolan Glen Howa aklawjynyň adyny tutanymdan kazy: «Ýok, şol bir bolmasyn!» diýip gaharly gygyrdy. Glen doganyň şol döwürler Şaýatlary kanun esasynda goramakda uly abraýy bardy. Kazyýet işime seredende, meni günäsiz diýip aklady.

Kwebekde wagyz işimize garşylyk görkezilýändigi üçin ýygnak geçirmäge amatly ýer tapmak hem kyn düşýärdi. Biz köne, içi buz ýaly garaž tapyp bildik. Şatlama sowukda garažyň içi biraz ýyly bolar ýaly, doganlar ýag bilen işleýän peji goýdular. Biz köplenç duşuşyk başlamazdan birnäçe sagat öň baryp, pejiň daşyna üýşüp, wagyzda bolan göwnüňi göteriji ýagdaýlary gürrüň berýärdik.

Ýyllaryň dowamynda wagyz işimiziň gülläp ösendigini gözümiz bilen görmek juda şatlandyrdy. 1960-njy ýyllarda Kote-Nord we Gaspe Peninsula welaýatyny goşanyňda, tutuş Kwebekde birnäçe kiçi ýygnaklar bardy. Häzir ol ýerde azyndan iki sany etrap bar, dogan-uýalar bolsa owadan Ýygnak jaýlarynda ýygnanyşýarlar.

AÝLANÝAN GÖZEGÇI BOLMAK HORMATYNA EÝE BOLÝARYN

Leon Krepault 1977-nji ýylda Kanadanyň Toronto şäherinde etrap gözegçileri üçin geçirilen duşuşykda.

1977-nji ýylda Kanadanyň Toronto şäherinde etrap gözegçileri üçin geçirilen duşuşykda

1970-nji ýyllarda Simona ikimiz etrap gözegçisi gullugyna başladyk. Soňra 1973-nji ýylda welaýat gözegçisi edip bellediler. Şol ýyllar men aýlanýan gözegçi bolup gulluk eden Lawiýer Samurb we Deýwid Spleýnc dogandan köp zatlary öwrendim. Her kongresden soň Deýwid dogan ikimiz tälim bermek usullarymyzy nädip hasam gowulandyryp biljekdigimizi maslahatlaşýardyk. Bir gezek Deýwid doganyň: «Leon, soňky nutugyňy gowy gördüm. Gaty gowy çykyş etdiň. Ýöne bilýäňmi, men seniň nutugyňdan üç sany dagy nutuk taýýarlardym» diýeni ýadyma düşýär. Şonda men nutugymda köp maglumat ulanandygyma düşündim. Men has ýönekeý we gysgarak çykyş etmegi öwrenmelidim.

Leon Krepault doganyň gulluk eden şäherleri: Sent-Mari, Kwebek şäheri, Monreal we Toronto.

Men Kanadanyň gündogaryndaky dürli şäherlerde gulluk etdim

Şol döwürler welaýat gözegçilerine etrap gözegçilerini ruhlandyrmak tabşyrylýardy. Kwebekdäki wagyzçylaryň köpüsi meni gowy tanaýardy. Ýygnaklara aýlananymda, olar köplenç meniň bilen gulluga gitmek isleýärdiler. Elbetde, olar bilen wagyz etmegi halaýardym, ýöne etrap gözegçisi bilen köp wagt geçirip bilmeýärdim. Bir gezek ol mähir bilen: «Dogan-uýalara wagtyňy berýändigiňe söz ýok, gaty gowy. Ýöne ýatdan çykarma, bu hepde meniň gezegim, menem ruhlandyrylmaga mätäç!» diýdi. Mähir bilen berlen bu maslahat maňa her zatda çägimi bilmäge kömek etdi.

1976-njy ýylda garaşylmadyk bir waka sebäpli durmuşym çepbe çöwrülen ýaly boldy. Mähriban aýalym Simona agyr keselläp, aradan çykdy. Ol Ýehowany söýýändigi hem-de janyny aýaman gulluk edýändigi üçin meniň tapylgysyz kömekçimdi. Ony ýitirenimde, ýürek ýaramy diňe wagza çykyp, Ýehowanyň mähirli goldawy bilen bejerip bildim. Aradan birnäçe wagt geçensoň, men iňlis dilinde gürleýän yhlasly pioner Karolin Elliýot atly uýa öýlendim. Ol wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine Kwebeke göçüp gelipdi. Karolin adamlar bilen derrew dil tapyşyp, hemmeler, esasanam, çekinjeň we özüni ýeke duýýanlar bilen ýürekden gyzyklanýardy. Karolina hem aýlanýan gözegçikäm, bile gulluk edip, Ýehowanyň beren bereketleriniň biridigini subut etdi.

ÝATDAN ÇYKMAJAK ÝYL

1978-nji ýylyň ýanwarynda maňa Kwebekde ilkinji sapar Pionerleriň mekdebinde mugallym bolmagy ynandylar. Men diýseň aljyraýardym, sebäbi şol mekdepde özüm okabam görmändim. Ýöne birinji klasa köp tejribeli pionerleriň düşendigi üçin aňsat boldy. Men mugallym bolsamam, okuwçylardan köp zady öwrendim.

1978-nji ýylda Monreal şäheriniň Olimpik stadionynda «Ýeňiş getirýän iman» diýen halkara kongresi geçirildi. Bu kongres Kwebekde geçirilen iň uly kongresleriň biri boldy, oňa 80 müňden gowrak adam gatnaşdy. Meni kongresde Habarlar bölüminde gulluk etmäge bellediler. Men köp habarçylar bilen gürrüňdeş boldum. Olaryň guramamyz hakda köp gowy zatlary belläp geçýändigini görmek diýseň tolgundyryjydy. Olar telewizor we radio gepleşikleri arkaly biziň bilen 20 sagatdan gowrak söhbetdeş boldular we ýüzlerçe makalalary çap etdiler. Bu başgalar üçin uly şaýatlyk boldy!

TÄZE BORÇ, TÄZE ÝER

1996-njy ýylda durmuşymda ýene bir üýtgeşiklik boldy. Men suwa çümdürilenim bäri Kwebekde fransuz dilinde gepleýän ýygnakda gulluk edýärdim. Meni Toronta iňlis dilinde gepleýän ýygnaga bellediler. Ol ýerde men nutuk bilen çykyş etmäge gorkýardym, sebäbi iňlis dilinde känbir gowy gepläp bilemokdym. Şonda men Ýehowa öňküdenem köp doga edip, oňa has köp bil baglamaly boldum.

Torontoda gulluk edip başlamankam, gaty aljyraýardym, ýöne iki ýyl şol ýerde bolmak diýseň ýakymlydy. Karolin maňa iňlis dilinde has gowy geplemäge sabyrlylyk bilen kömek etdi. Dogan-uýalaram ruhlandyryp goldaýardylar. Bizem ol ýerde köpleri bilen dostlaşdyk.

Guramadaky goşmaça işler tabşyrylanda hem-de kongrese taýýarlanmaly hepdede men köplenç anna günleri agşam bir sagat öýden-öýe wagyz edýärdim. Käbirleri: «Kongresiň öň ýanyndaky hepde işler bilen başagaý bolýaň-a. Wagza gitmek näme gerek?!» diýip pikir edendir. Ýöne wagyz etsem, bar ýadawlygym aýrylyp, özümi gowy duýýardym. Men häzirlerem her gezek wagza gidenimde, göwnüm göterilýär.

1998-nji ýylda Karolin ikimizi Monreal şäherinde ýörite pioner gullugyna bellediler. Men birnäçe ýyllap köpçüligiň öňünde çykyş edip, Ýehowanyň Şaýatlaryna garşy aýdylýan ýalan gep-gürrüňleri paş etmek üçin habar beriji edaralar bilen işleşýärdim. Aýalym ikimiz Kanada başga ýerden göçüp gelen we Mukaddes Kitap hakda köpräk bilesi gelýän adamlara wagyz edip, juda begenýärdik.

Leon Krepault aýaly Karolin bilen.

Aýalym Karolin bilen

Men özümi Ýehowa bagyş edip, 68 ýyllap gulluk eden ýyllarymy ýatlanymda, Hudaýyň maňa bol bereketleri eçilendigine düşünýärin. Wagyz edip, köp adamlara hakykata gelmäge kömek edendigim bolsa şatlygymy hasam artdyrýar. Gyzym Liz we giýewim 4 çagasy bolsa-da, pioner bolup gulluk edip başladylar. Gyzymyň wagyzda yhlaslydygyny görüp, ýüregim şatlykdan dolýar. Men aýratynam görelde görkezen we ruhy taýdan ösmäge hem-de ynanylan her dürli borçlary gowy ýerine ýetirmegim üçin maslahat beren doganlara köp sagbolsun aýdýaryn. Men diňe Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegine bil baglasaň, özüňe tabşyrylan borçlary has gowy ýerine ýetirip bilýändigime göz ýetirdim (Zeb. 51:11). Mukaddes adyny şöhratlandyrmak ýaly uly hormatlary ynanan Ýehowa günde sagbolsun aýdýaryn! (Zeb. 54:6).

a Glen How doganyň terjimehalyny «Bu siziň däl-de, Hudaýyň söweşi» diýen makaladan okap bilersiňiz (g00-U 4/22)

b Lawiýer Samur doganyň terjimehalyny «Men göreşmäge sebäp tapdym» diýen makaladan okap bilersiňiz (w76-E 15/11).

c Deýwid Spleýn dogan häzir Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk edýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş