Ýehowanyň guramasynda hemişe yhlasly gulluk edýärin
Wernon Zubko gürrüň berdi
MEN Kanadanyň Saskaçewan welaýatynyň Stenen obasynda önüp-ösdüm. Kakam Fred bilen ejem Adella uly aýal doganym Aureliniň, meniň, inilerim Alwiniň we Dareliň, uýam Allegranyň maddy hem-de ruhy zerurlyklarynyň aladasyny edýärdi. Şu günler biz hakykaty öwredendigi üçin ata-enemize örän minnetdar.
Kakam mesh edilen mesihçi we yhlasly wagyzçydy. Ol maşgalany eklemek üçin köp işlese-de, onuň Güwäçidigini hemmeler bilýärdi. Kakam hemişe hakykaty wagyz edýärdi. Onuň yhlasy we batyrgaýlygy maňa güýçli täsir etdi. Kakam maňa köplenç: «Ýehowanyň guramasynda hemişe yhlasly gulluk etseň, köp ýalňyşmarsyň» diýýärdi.
Köplenç biz Steneniň köçelerinde we goňşy obalarda wagyz edýärdik. Bu meniň üçin hemişe aňsat däldi. Şol ýeriň garagol oglanlary biz ýaly ýaşlaryň ýanyna gelip, üstümizden gülýärdi. Bir sapar men sekiz ýaşymdakam, köçede «Oýanyň!» we «Garawul diňi» žurnallaryny hödürläp durkam, birtopar ýaş oglanlar daşyma üýşdüler. Olar kellämdäki täze papagymy sypyrdy-da, golaýdaky sütüne geýdirdiler. Bagtyma, maňa gözegçilik edýän ulurak ýaşly dogan bu bolýan zatlary göräýdi. Ol meniň ýanyma gelip: «Wern, näme boldy?» diýdi. Oglanlar şol bada gürüm-jürüm boldy. Muňa men gynansam-da, köçäniň ugrunda bir ýerde gazyk ýaly bolup durman, ýöräp wagyz etmelidigime düşündim. Şeýle wakalardan sapak edinip, ulalanda-da, öýden-öýe gorkman wagyz edýärdim.
1951-nji ýylyň maý aýynda men Alwin bilen suwda çokundyryldym. Men şonda 13 ýaşymdadym. Suwda çokundyrylýanlar üçin doklad bilen çykyş eden Jek Neýtanyň aýdan sözleri şu günlerem ýadymda. Ol: «Bir aýyňyzy-da Ýehowa barada gürrüň bermän geçirmäň» diýdia. Biziň maşgalamyzda pioner bolup gulluk etmek iň gowy maksat hasaplanýardy. Şol sebäpli men 1958-nji ýylda mekdebi tamamlansoň, pioner bolup gulluk etmek üçin Manitoba welaýatynyň Winnipeg şäherine gitdim. Kakam agaç ýonmak işinde oňa kömek edýändigime begenýärdi. Emma ejem ikisi meni hemişe doly wagt gulluk etmäge höweslendirýändigi üçin, meniň Winnipegde gulluk etmegimi ak ýürekden goldadylar.
Täze öý we ýoldaş
1959-njy ýylda filial mümkinçiligi bolan doganlary Kwebek welaýatyna wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine gitmegi teklip etdi. Men pioner bolup gulluk etmek üçin Monreal şäherine gitdim. Bu nähili özgerişikdi! Meniň durmuşymda täze sahypa açyldy, çünki men fransuz dilini öwrenip, täze medeniýete öwrenişmelidim. Aýlanýan gözegçi maňa: «Hiç haçan: «Biz bolsa muny öýde başgaça edýärdik» diýmegin» diýdi. Bu gowy maslahatdy (1 Kor. 9:22, 23).
Men Kwebege göçenimde pioner ýoldaşym ýokdy. Emma öň Winnipegde tanşan ýaş uýa Şerli Terkata 1961-nji ýylda öýlenensoň, ol meniň hemişelik ýoldaşym boldy. Şerli hem Ýehowany söýýän maşgalada terbiýe alypdy. Men onuň ençeme ýyllap güýjüme güýç goşup, ruhlandyrjakdygyna şol wagt doly düşünmeýärdim.
Gaspide wagyz edýäris
Durmuş guranymyza iki ýyl bolansoň, biz Kwebegiň Rimuski etrabyna ýörite pioner bellenildik. Indiki ýylyň ýaz aýlary filial Kanadanyň gündogar kenarynyň Gaspi ýarymadasynda wagyz etmegi bizden haýyş etdi. Bize mümkin boldugyndan hakykat tohumyny köpräk ekmek tabşyryldy (Wag. 11:6). Biz maşynymyza 1 000-den gowrak žurnal we 400-e golaý kitap, birnäçe egin-eşik we iýer-içer ýaly zat alyp, bir aý wagyz etmäge ugradyk. Biz Gaspiniň kiçi obalarynyň ählisinde yzygiderli wagyz etdik. Güwäçiler gelip wagyz edende, edebiýatlarymyzy almaz ýaly ýerli radioda duýduryldy. Emma adamlaryň köpüsi duýduryşa nädogry düşünip, edebiýatlarymyzy reklama edýärler öýdüp, alýardy.
Şol wagtlar Kwebegiň käbir etraplarynda ýaňy wagyz edilip başlanypdy, şonuň üçin ýygy-ýygydan polisiýa saklaýardy. Bir şäherde biz wagyz edende, her öýde diýen ýaly edebiýat berýärdik. Polisiýa işgäri uçastoga gitmegi haýyş etdi, bizem oňa gulak asdyk. Men wagyz etmegi gadagan eden şäheriň ýörite wekili bilen duşdum. Şol güni polisiýa başlygynyň bolmandygy sebäpli, şäheriň ýörite wekiline wagyz etmäge hukugymyzy düşündirýän Torontodaky filialyň hatyny berdim. Ol haty okandan soň, derrew şeýle diýdi: «Maňa hiç hili problema gerek däl. Buthananyň ýolbaşçysy sizi tussag etmelidigini aýtdy». Şol ýeriň ýaşaýjylary kanuny bozmaýandygymyza düşüner ýaly, polisiýanyň saklan ýerine derrew gaýdyp baryp, wagzymyzy dowam etdik.
Biz ertirsi gün irden polisiýanyň başlygyny görmäge bardyk. Bizi saklandyklaryny eşidip, ol gaty gaharlandy. Onuň şäheriň ýörite wekiline jaň edip, gygyranyny eşiden bolsadyňyz! Polisiýanyň başlygy bize: «Nähili kynçylygyňyz bolsa, diňe maňa ýüz tutuň, men özüm çözerin» diýdi. Biz şol ýerde ýat adam bolsak-da, fransuz dilini gowy bilmesek-de, ak ýürekli we myhmansöýer adamlara duşýardyk. Ýöne biz: «Olar ruhy taýdan nädip öserkä?» diýip aladalanýardyk. Birnäçe ýyl geçensoň, biz Gaspiniň ähli ýerlerinde Patyşalyk zallaryny gurmaga baranda, bu soragyň jogabyny bildik. Wagyz eden adamlarymyzyň köpüsi mesihçi bolandygyny gördük. Hakykatdanam, diňe Ýehowa ösdürýär (1 Kor. 3:6, 7).
Ýehowanyň sowgady
Gyzym Lisa 1970-nji ýylda doguldy. Ýehowanyň beren bu sowgadyna biz örän begendik. Şerli we Lisa meniň bilen bile köp Patyşalyk zallarynyň gurluşygynda işlediler. Gyzym mekdebi tamamlansoň: «Eje we kaka, men zerarly doly wagt gullugyňyzy goýanyňyz üçin, pioner bolup, ýitgiňiziň öwezini dolduraryn» diýdi. Ol ýigrimi ýyldan gowrak pioner bolup gulluk edip, Silwen atly dogana durmuşa çykdy. Häzir olaryň ikisi hem halkara gurluşyk işine gatnaşýarlar. Biziň maşgalamyzyň maksady ýönekeý ýaşap, Ýehowa yhlasly gulluk etmek. Lisanyň pioner bolup gulluk edip başlamazyndan öň aýdan sözleri hiç haçan ýadymdan çykmaýar. Ol meni 2001-nji ýylda täzeden doly wagt gulluk edip başlamaga höweslendirdi we häzirem pioner bolup gulluk edýärin. Pioner bolup gulluk edip, ähli zatda Ýehowa bil baglamagy, ýönekeý, emma kanagatly we bagtly ýaşamagy öwrendim.
Gurluşyk işinde söýmeli we wepaly bolmaly
Hudaýyň beren islendik ýumşuny kabul edip, höwes bilen ýerine ýetirsek, bol bereket alýandygymyzy Ýehowa maňa öwretdi. Region gurluşyk komitetinde gulluk edip, Kwebekde hem-de başga ýerlerde gurluşyk işinde dogan-uýalar bilen işlemek meniň üçin uly hormat.
Käbir meýletin gurluşykçylar doklad bilen gowy çykyş edip bilmese-de, Patyşalyk zallarynyň gurluşyk işini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Şeýle gadyrdan dogan-uýalar gurluşyk işine jany-teni bilen ýapyşýar we olaryň zehini hemmelere aýan bolýar. Şeýdip olar, Ýehowa sežde etmek üçin owadan jaýlar gurýar.
Bir sapar maňa şeýle sorag berdiler: «Patyşalyk zallarynyň gurluşyk işinde haýsy häsiýet örän wajyp?» Meniň tejribäme görä, ilki bilen, Ýehowany, Ogluny we doganlary söýmeli (1 Kor. 16:14). Ikinjiden, wepaly bolmaly. Käte etjek işimiz isleýşimiz ýaly edilmeýär, şeýle bolsa-da, wepaly adam guramanyň görkezmesine eýerýär. Wepalylyk indiki gurluşyk işlerine meýletin gatnaşmaga höweslendirer.
Ýehowa minnetdar
Kakam 1985-nji ýylda aradan çyksa-da, onuň: «Ýehowanyň guramasynda hemişe yhlasly gulluk et» diýen maslahaty berk ýadymda galdy. Ýehowanyň gökdäki guramasynda ýumuş alan mesh edilen mesihçiler ýaly, ol hem örän işlidir (Ylh. 14:13). Ejem häzir 97 ýaşynda. Ol beýnä gan inme (insult) keselinden soň öňküsi ýaly gepläp bilmeýär, ýöne Mukaddes Ýazgylary bilýär. Biz Ýehowa wepaly gulluk eder ýaly, ejem hatynda aýatlar arkaly ruhlandyrýar. Biziň ählimiz şeýle mähirli ene-atamyzyň bardygyna örän minnetdar!
Şeýle-de men wepaly aýalym we ýoldaşym üçin Ýehowa minnetdar. Şerli ejesiniň: «Ýehowanyň guramasynda Werniň işi köp bolar, sen ony hiç kimden gysganmazlygy öwrenmeli bolarsyň» diýen maslahatyny unutmaýar. Biz 49 ýyl mundan öň durmuş guranda, garraýançak Ýehowa bile gulluk ederis, eger-de zalym dünýäniň soňy gelende, ikimiz hem diri galsak, bile ýaşaryp, Ýehowa ebedi gulluk etmegi ýüregimize düwüpdik. Hawa, biz «zähmetimiziň Rebde boş däldigini bilýäris» (1 Kor. 15:58). Ýehowa hem öz gezeginde, biz hiç zada mätäç bolmaz ýaly aladamyzy edýär.
a 1990-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 10—14-nji sahypalaryndaky Jek Helideý Neýtanyň terjimehalyna serediň.