«Bu maňa adamlaryň ýüregine täsir etmäge kömek edýär»
BRAZILIÝANYŇ günortasynda ýerleşýän Portu-Alegri şäherinde birnäçe ýyl mundan öň, sosial meselesi boýunça halkara konferensiýasy geçirildi. Bu konferensiýa 135 döwletden on müňlerçe adam geldi. Arakesme wagty Portu-Alegridäki ýygnagyň mesihçiler topary delegatlara Mukaddes Ýazgylardaky hoş habary wagyz etdi. Nädip?
Elizabet atly pioner uýa şeýle gürrüň berýär: «Biz «Ähli milletler üçin hoş habar» diýen broşýurany ulandyk. Delegatlaryň köpüsi öň hiç haçan Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary eşitmeseler-de, höwes bilen diňlediler. Biz Boliwiýa, Hytaý, Fransiýa, Hindistan, Ysraýyl we Nigeriýadan gelen adamlar bilen gürleşdik. Biz käbir delegatlara öz dilinde edebiýat hödürlände, olar ony höwes bilen aldylar».
Meksikada Raul atly pioner dogan hem bu broşýurany ökdelik bilen ulanýar. Birnäçe ýyl mundan öň, ol aýaly aýrylan 80 ýaşly arap adama wagyz edýär. Ol broşýuradan arap dilinde hoş habary okap, begenjinden ýaňa gözüne ýaş aýlaýar. Näme üçin? Ol Ylham 21:3, 4-nji aýatlarda Hudaýyň ölüm-ýitim bolmaz diýen wadasyny ene dilinde okanda, ýüregine jüňk boldy. Başga bir gezek Raul resmi däl ýagdaýda portugal dilinde gepleýän adama wagyz edýär. Ol adamyň hem ogly aýrylan eken. Raul oňa broşýuranyň partugal dilindäki sahypasyny okamagy haýyş edýär. Ol ony okap bolandan soň, Mukaddes Ýazgylar barada köpräk bilmek isleýändigini broşýuradan görkezip, okuw geçmäge razy bolýar.
Raul ermeni, hytaý, iňlis, fransuz, nemes, hindi, koreý, mihe, pars, rus, sapotek dilinde gepleýän adamlara «Ähli milletler üçin hoş habar» atly broşýura arkaly wagyz edýär. Ol şeýle diýýär: «Men broşýurany wagyzda ulanmagyň wajypdygyna göz ýetirdim. Men başga milletli adamlaryň dilinde geplemesemde, bu maňa adamlaryň ýüregine täsir etmäge kömek edýär».
Adamlaryň köpüsi syýahat edýär ýa-da başga ýerlere göçýär. Biz köplenç başga dilde gepleýän adamlara duş gelýäris. Biz olara «Ähli milletler üçin hoş habar» atly broşýura arkaly wagyz edip bileris. Sen broşýurany wagza alýarmyň?